Neşe serişdelerini we temmäki önümlerini ýok etmek çäresi boldy

3-nji dekabrda, Gökdepe etrabynyň çäginde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçirilen ýörite çäreleriň dowamynda ele salnan neşe serişdelerini we bikanun ýol bilen getirilen temmäki önümlerini ýok etmek çäresi boldy. Oňa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylary, Hökümetiň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Çäre sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan syýasat bilen baglylykda, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde Türkmenistanyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirýändigini aýdyňlygy bilen görkezdi.

Çäräniň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine ählumumy howpa garşy durmakda uly ähmiýeti bolan bu asylly başlangyja gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok