Milli ykdysadyýetiň pudaklary ösüşlere beslenýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň çalt depginde ösüşi ýurdumyzy uly ösüşlere besleýär. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ugur alynmagy,  «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen maksatlaryň we wezipeleriň durmuşa geçirilmegi önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda, ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudaklaryna goldaw bermekde möhüm itergi bolup çykyş edýär.

Ýurdumyzda nebit-gaz senagaty, elektrik energiýasy, maşyngurluşyk, metallurgiýa, himiýa senagaty, gurluşyk, elektron, ýeňil hem-de azyk, derman senagaty ýaly möhüm pudaklardan ybarat bolan köpugurly ulgam emele gelip, nebiti we tebigy gazy çykarýan hem-de ony gaýtadan işleýän pudaklar hem üstünlikli hereket edýär. Şunda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary ileri tutulýan taslamalar bolup durýar. Bu sebitleýin taslamalaryň geljegi örän uly  bolup, olaryň amala aşyrylmagy bilen energiýa akymlary üçin täze strategik ugur açylýar. Gazy gaýtadan işleýän pudakda esasy üns berilýän ugur tebigy gazy giňişleýin gaýtadan işlemekdir. Häzirki wagtda nebiti gaýtadan işleýän senagatda önümçilige gönükdirilen innowasion taslamalary, desgalary durmuşa geçirmek dowam etdirilýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda mazudy wakuumlaýyn gaýtadan işlemek, benzinleri, polipropilenleri garyşdyrmak boýunça enjamlaryň işe girizilmegi önümiň täze innowasion, bäsdeşlige ukyply görnüşini öndürmäge mümkinçilik berýär. Geljegi uly we çalt depginler bilen ösýän pudaklaryň ýene biri himiýa senagaty bolup, onuň kärhanalary mineral dökünleri, tehniki ýody, sulfatdyr beýleki himiki önümleri öndürýär. Ýurduň tebigy baýlyklary mineral dökünleriň ähli görnüşini öndürmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi ýurduň oba hojalyk pudagyny mineral dökünler bilen üpjün etmäge şert döredýär. Pudaklary ösdürmegiň geljegi uly ugurlarynyň biri hem senagatda, gurluşykda, ulag ulgamynda, oba hojalyk toplumynda, gündelik durmuşda zerur bolan dürli görnüşli önümleri öndürmekde esasy önüm hasaplanýan polimer önümlerini öndürmek üçin iri pudaklary, kärhanalary döretmekden ybaratdyr.

Umuman, ýurt ykdysadyýetiniň ähli pudaklary ösüşiň täze ugurlary, täze sepgitleri bilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ösüşleriniň badyna bat, şanyna şan goşýar.

Abdyleziz AMANGELDIÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok