Hazary nebit tegmillerinden arassalamak boýunça halas ediş gullugyny döretmek teklip edilýär

Gazagystanyň Senatynyň deputaty Suindik Aldaşew Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň portlarynda Hazary nebit tegmillerinden arassalamak boýunça halas ediş gullugyny döretmegiň  gerekdigini belleýär.

Aldaşew senatyň geçirilen plenar mejlisinde «Hazar deňziniň gazagystan böleginiň ägirt uly çäklerini nazara alyp, ýetirilýän zyýanlary azaltmak, şeýle hem deňizde iri möçberli adatdan daşary ýagdaýlaryň çägini azaltmak üçin mümkin bolan öňüni alyş çärelerini görmek boýunça Mangistau welaýatynyň deňiz portlarynda gazagystan deňiz halas ediş gullugyny döretmek zerur» – diýip, belledi.

Onuň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda Hazar deňziniň gazagystan böleginde 15 mln tonna nebit çykarylyp, şolardan 2,2 mln tonnasy Aktau portunyň üsti bilen eksport edildi. Şonuň bilen birlikde 2020-nji ýylda Aktau we Kuryk portlaryna gämiler 1 müň 283 gezek girdiler, garaşylyşy ýaly, 2025-nji ýyla çenli bu görkeziji iki esse artar. Şunuň bilen baglylykda, Aldaşewiň pikiriçe, Hazaryň hapalanmak howpy ýokarlanýar.

Aýbek ABDYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz

uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok