Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 4 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 8-si açylyp ulanylmaga berildi. Açylyş dabarasyna welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, edara-kärhanalaryň zähmetkeşleri, dili senaly ýaşulular, mährem eneler we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.
Täze jaýlar dabaraly ýagdaýda aýdym-sazyň joşgunly owazlary bilen toý ruhunda açylyp ulanmaga berildi. Dili senaly ýaşulular täze jaýlaryň toý bagyny kesdiler. Soňra dabara gatnaşyjylar giň we amatly otagly öýlerde bagtyýar maşgalalar üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar.
Änew şäheriniň «Türkmenistan» ýaşaýyş jaý toplumynda gurlup ulanmaga berlen iki sany 4 gatly, 64 öýli we iki sany 4 gatly, 48 öýli iri panelli ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle-de Magtymguly geňeşiniň çägindäki täze ýaşaýyş jaý toplumynda dört sany 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy «Buýsanç gurluşyk» hususy kärhanasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň gurluşykçy tarapyndan ýerine ýetirildi. Täze jaýlarda ýokary amatlyklar göz öňünde tutulyp, zerur enjamlar bilen üpjün edilipdir.
Teswirler