Kosmosda iň köp wagt geçiren kosmonawt Waleriý Polýakow aradan çykdy

Kosmosda 437 gün bolup rekord goýan rus kosmonawty Waleriý Polýakow 80 ýaşynda aradan çykdy.

Waleriý Polýakow1994-1995-nji ýyllar aralygynda 14 aýlap kosmosda Mars bilen baglanyşykly birnäçe ylmy derňewleri alyp bardy. Şol döwürde Polýakow dünýäniň daşyndan 7 müň gezek aýlandy. Birnäçe ylmy gözleglerden, synaglardan we derňewlerden soň Polýakow 2001-nji ýylda pensiýa çykdy.

Russiýanyň kosmos gullugy «Roskosmos» Sowet Soýuzynyň Gahrymany Waleriý Polýakowyň aradan çykandygy baradaky habary berdi. Emma Polýakowyň näme sebäpden aradan çykandygy aýan edilmedi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok