«Buckingham köşgi» – 70 ýyl bäri tagtda oturan Angliýanyň şa zenany Ýelizaweta II-niň aradan çykandygyny habar berdi.
1926-njy ýylyň 21-nji aprelinde doglan Angliýanyň şa zenany diýlip tanalýan Ýelizaweta II – 1952-nji ýylda tagta çykdy. Şa zenany 70 ýyllap tagtda oturdy. Birnäçe wagtdan bäri Angliýanyň metbugat gulluklary şa zenanyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyny we lukmançylyk gözegçiliginiň astyndadygyny aýdyp gelýärdiler.
«Buckingham köşgi» Angliýanyň şa zenany Ýelizaweta II-niň 96 ýaşynda Şotlandiýanyň Balmoral galasynda aradan çykandygyny habar berdi. Ýerli wagt bilen 18:30-da ähli ýerdäki Angliýa baýdaklary aşak düşürildi we ýas yglan edildi.
Ýelizaweta II – geçen ýyl lukmanyň maslahaty bilen birnäçe syýahatyny ýatyrdy we iş tertibini üýtgetmek şeýle-de dabaralara gatnaşmazlyk kararyna geldi.
Şa zenanyň ölüminden soň berjaý ediljek we ýerine ýetiriljek amallar:
- «London Köprüsi ýykyldy» operasiýasy işjeň ýagdaýa getiriler.
Şalyk bilen bagly birnäçe gizlin maglumatlar we ýurda täsir edýän ýagdaýlar üçin gizlin kodlar ulanylýar. Şa zenany Ýelizaweta II-niň ölüminde ulanyljak koduň ady: «Operation London Bridge».
Ýelizaweta II aradan çykandan soň, şa zenanyň ýörite sekretary Edward Youngang ilki bilen Angliýanyň premýer-ministrine «London Köprüsi ýykyldy» habaryny iberer. Ondan soň, şa aýalynyň höküm sürýän 15 ýurdyna (Şotlandiýa, Demirgazyk Irlandiýa we beýleki adalardaky kiçi ýurtlara) simwoliki taýdan ýolbaşçylyk edýän Milletler arkalaşygyna degişli 36 ýurda gizlin liniýa arkaly habar beriler we «London Köprüsi ýykyldy» operasiýasy başlanar.
- Şazada Çarlz şa aýaly ardan çykan güni şa adyny alar.
Ýelizaweta II-niň ogly şazada Çarlz şa hökmünde tagta çykar we şol gün halk köpçüliginiň öňünde çykyş eder. Şazada Çarlz öz çykyşyndan soň Londonda, Kardiffde, Edinburgda we Belfustda hökümet işgärlerine gysga ýygnaklar geçirer.
- BBC adaty ýaýlymy bes eder.
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna degişli iňlis habar beriş serişdesi adaty ýaýlymyny wagtlaýynça bes eder. Habarlarda diňe şa zenanyň aradan çykmagy baradaky habarlar ýerleşdiriler. BBC-niň ak reňdäki logosy gara reňke geçiriler.
Diňe bir BBC däl, ähli habar beriş serişdeleri şeýle-de teleýaýlymlar ýas döwründe hiç hili ýagdaýda şowhunly, aýdym-sazly çykyşlar şeýle-de güýmenje telegepleşikler ýaýlyma goýberilmez. Ýelizaweta II-niň jaýlanyş çäresi baradaky ähli maglumatlar bökdençsiz halk bilen paýlaşylar. Habar ýok ýagdaýlarda, şa zenanyň öňki dokumental filmleri görkeziler.
- Ykysadyýet bilen baglanyşykly ähli işler duruzular.
Ýurtdaky ähli dükanlar we kärhanalar ýas sebäpli azyndan bir gün ýapylar. Mundan başga-da, «London Köprüsi ýykyldy» operasiýasyndan soň şazada Çarlzyň täç geýdiriljek güni, milli baýramçylyk sebäpli ýene bir gezek ýapylmaly bolar. Ýas döwründe ykdysadyýet bilen baglanyşykly ähli işler şol sanda eksport we import duruzylar.
- Şa zenanyň tabydy 2 hepde dürli ýerlerde görkeziler.
Ýelizaweta II-niň tabydy ilki «Buckingham köşgüne» getiriler we dört gün saklanar, şol döwürde tabydyň golaýyna barmaga hiç kime rugsat berilmez. 4 günden soň tabyt «Westminster köşgüne» äkidiler. Ol ýerde tabydy görmäge diňe şa zenanyň nesilleri baryp biler. Şa zenanyň maşgalasy görüp bolandan soň, «Westminster köşgüniň» gapysy hemmeler üçin açyk bolar. Şol döwürde öň görlüp-eşidilmedik howpsuzlyk çäreleri gurnalar. Şäheriň ähli belli nokatlarynda ýörite ýaragly esgerler ýerleşdiriler.
Jaýlanyş çäresi şa zenany aradan çykandan 10-12 gün soň tamamlanar. Ýelizaweta II-niň jaýlanjak güni ýerli wagt bilen 11:00-da Big Beniň jaňlary şa zenanyň hormatyna kakylar we tutuş ýurtda ümsümlik yglan ediler. Soňra bolsa şa zenanyň jesedi «St. George» buthanasyna eltiler. Şunuň bilen «London Köprüsi ýykyldy» operasiýasy tamamlanar.
- Iňlis banknotlaryndan Ýelizaweta II-niň suraty öçüriler.
Ýelizaweta II-niň aradan çykan güni tagta geçjek mirasdüşer şazada Çarlzyň suraty täze çykjak banknotlaryň hemmesinde peýda olar. Iňlis banknotlaryndan Ýelizaweta II-niň suraty dolulygyna öçüriler we ulanyşdan aýrylar. Şol sanda bu ýagdaý pasportlara, polisiýa we goşun eşiklerine we döwlete degişli möhürlere hem degişli bolar.
- Angliýa halkyna uly täç geýmek dabarasy garaşýar.
Şazada Çarlz ejesi Ýelizaweta II aradadan çykdandan soň haýal etmän şazada diýlip yglan ediler. Täç geýmek dabarasy azyndan 1 ýyl soň amala aşyrylmagyna garaşylýar. Geçiriljek täç geýdirmek dabarasyna ummasyz çykdaýjy edilmegine garaşylýar.
Atajan EÝÝUP,
habarçy, žurnalist.
Teswirler