Hazar sammiti özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňişligine öwürmegiň täze ugurlary

2003-nji ýylda Hazarýaka ýurtlary-Azarbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa gol çekdiler. Tähran Konwensiýasynyň maksady Hazaryň deňiz gurşawyny ähli çeşmelerden hapalamakdan goramakdan ybaratdyr. Olar Hazar deňziniň biologiýa serişdelerini gorap saklamagy, gaýtadan dikeltmegi hem-de  durnukly we rejeli peýdalanmagy öz içine alýar.

Hazarýaka döwletleriniň ählisi tarapyndan tassyklanandan soňra Tähran Konwensiýasy 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Bu gün Hazar deňziniň güni diýlip yglan edildi. Şondan bäri bu sene Türkmenistanda her ýyl bellenilýär, bu sene mynasybetli ýörite çäreler geçirilýär.

Bu ugurda geljekki möhüm we anyk ädimler munuň aýdyň subutnamasydyr. Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk babatda möhüm resminamalaryň taýýarlanandygyny we kabul edilendigini bellemek bolar.

Şolaryň hatarynda Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk hem-de Hazar deňziniň suw hem-de biologiki serişdelerini saklamak we netijeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyk bar. Olara Hazarýaka döwletleriniň 2014-nji ýylda geçirilen IV sammitiniň jemleri boýunça gol çekildi.

Şu ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Hazar deňzi boýunça duşuşyklaryň we forumlaryň, şol sanda Hazarýaka döwletleriniň wekilçilikli toparlarynyň gatnaşmagynda bu meselelere bagyşlanan halkara maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek, Hazar deňziniň ägirt uly ykdysady, ulag we energetika kuwwatyny doly herkete getirmek boýunça yzygiderli çäreleri geçirmek bilen Türkmenistan gadymy Hazara parahatçylyk, dostluk hem-de ylalaşyk deňziniň derejesiniň berilmegine hemmetaraplaýyn ýardam edýär.

.

Dürli BALLYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk
öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok