Ajaýyp tomus paslynyň gelmegi ýurdumyzyň orta mekdeplerinde we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarymyzyň tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen dabaralanýar.
Dynç alyş möwsümini sagdyn, şadyýan we şol bir wagtda gyzykly geçirmekde ýaşlarymyz üçin diýarymyzyň dürli künjeginde sagaldyş we dynç alyş merkezleri, sport toplumlary, medeniýet merkezleri we kitaphanalar hereket edýär.
Diňe bir ýaşlaryň däl, eýsem, uly ýaşdaky adamlaryň hem dynç alyş wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin kitap okamagyň täsiri hakynda käbir maglumatlary belläp geçeliň.
Kitap okamak adamyň gözýetimini giňeldýär, içki dünýäsini baýlaşdyrýar, aklynyň we ýatkeşliginiň güýçlenmegine uly täsir edýär. Mundan başga-da kitap okamak söz baýlygyňy kämilleşdirýär, bolup geçýän hadysalara dürs we aýdyň garamagyň netijesinde pikirleriňizi kämil görnüşde beýan etmeklige mümkinçilik döredýär. Munuň şeýledigine her birimiz öz mysalymyzda göz ýetirip bileris. Çeper eserleri okanymyzdan soň pikirlerimizi aýdyň beýan etmegiň, düşündirmegiň we gerekli sözleri saýlamagyň aňsat düşýändigine üns berip bileris.

Kitap okamagyň ýene bir peýdaly tarapy – ol logiki pikirlenmek ukybyny ösdürýär. Şübhelenseňiz, detektiw äheňinde ýazylan kitaplary mysal üçin Artur Konan Doýlyň “Şerlok Holmsyň başdan geçirmeleri” atly eserini okap görüň. Okanyňyzdan soň ähli ýagdaýlarda pikirlenmek ukybyňyz çaltlaşar, aklyňyz ýitileşer, synçylygyňyz gowulanar we siz okamagyň amatly we örän peýdalydygyna düşünersiňiz.
Eger sizi bir zat bimaza etse ýa-da ruhuňyz çökgün bolsa kitap göwnüňizi götermäge we şähdiňizi açmaga hem kömek eder. Döredijiliginde oýlap tapyjylyk we degişme äheňini ulanýan ýazyjylary okanyňyzda, bu size az salymlyk hem bolsa göwniçökgünlikden saplanmaga mümkinçilik berer.
Mundan başga-da kitap biziň adamkärçilik sypatlarymyzyň we ruhy ösüşimiziň kemala gelmegine uly täsirini ýetirýär. Haýsy hem bolsa bir döredijilik eseri okalandan soň, adamlar köplenç gowy tarapa üýtgemek bilen bolýarlar.
Okamagyň peýdasy barada alymlaryň delillerini hem getirmek bolar. Olar okamagyň adam organizmyny ýaş halda saklamakda kömek edýändigini belläp geçýärler. Gartaşan adamlar bilen işleýän guramalaryň, Federal birleşikleriniň wekili Ursula Lenziň aýtmagyna görä: “Gartaşan adamlar üçin okamagyň birnäçe peýdaly taraplary bar. Birinjiden, sözleri pikir we şekil görnüşine geçirmek ukyby adamyň aň-düşünje ýöretmek wezipesine oňyn täsirini ýetirýär. Ikinjiden, okamak pikiri bir ýere jemlemäge kömek edýär. Şol sebäpli kitap okamagy uly ýaşda hem sagdyn aňa we ýatkeşlige eýe bolmagyň ähliumumy usuly hasaplamak bolar”.
Okamagyň peýdasy baradaky delilleriň size kitaplar bilen gyzyklanmaga itergi berer diýip umyt edýärin.
.
Abdyrahmanberdi Hudaýberdiýew,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Ýakyn gündogar dilleri kafedrasynyň hindi dili mugallymy.
Teswirler