Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe batly gadamlar bilen öňe barýan gözel Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda belent sepgitlere ýetilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň durnukly depginini üpjün etmek we bäsdeşlige ukyplylygyny güýçlendirmek maksady bilen sanly tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy halkara tejribelerini ornaşdyrmak esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän innowasiýa tehnologiýalarynyň we maglumat-aragatnaşyk enjamlarynyň köpçülikleýin ornaşdyrylmagy esasynda milli ykdysadyýetimiziň täze modeli has kämilleşýär.
Häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümçilikleri artdyrmak, elektron senagatyň önümlerini çykarýan kärhanalary döretmek boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur çäreler görülýär, ugurdaş düzümler bilen bilelikde telekeçiligi okgunly ösdürmek, içerki bazary ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli harytlar bilen doly üpjün etmek işleri utgaşykly amala aşyrylýar.
Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda sanly özgertmeleriň ýokary tizlik bilen ösýän döwründe baş meseleler milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagatyny döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek bolup durýar.
Enejan BURINOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler