USAID Türkmenistanda Ekologiýa gözegçiligi hakynda kanunyň işläp düzülmegine ýardam berýär

Düýn 2022-nji ýylyň 7-nji iýunda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş guramasy (USAID), “Tebigy Kuwwat” jemgyýetçilik birleşiginiň edarasy bilen hyzmatdaşlykda daşky gurşaw gözegçiligi we daşky gurşaw maglumatlary ulgamynda işleýän edaralar we guramalar üçin Aşgabatda tegelek stol geçirdi. Bu çäräniň maksady Türkmenistanda howany goramak baradaky kanunlary we şol kanunlaryň ulanylmagynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boldy.

Anyk we netijeli ekologiýa gözegçiligi döwlet edaralaryna tebigy ekologiki ulgamlaryň zaýalanmagyna, tebigy baýlyklaryň azalmagyna we daşky gurşawa ýaramaz täsirlerine sebäp bolýan hereketleri ýüze çykarmaga, ýok etmäge we öňüni almaga kömek edýär. USAID öz “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” taslamasy arkaly degişli döwlet edaralary we hukuk boýunça bilermenleri “Döwlet daşky gurşaw gözegçiligi hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň taslamasyny taýýarlady.

Kanun taslamanyň düzgünleri halkara konwensiýalaryň we şertnamalaryň talaplaryny, şeýle hem Türkmenistan hökümetiniň biologiki dürlüligi goramak, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak we tebigy ekologiýa ulgamlaryny goramak ýaly strategiki ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýar. Hususan-da, bu kanun taslamasy “Tebigaty goramak” we “Ekologiýa howpsuzlygy” hakynda milli kanunlaryny goldaýar.

Bu teklip edilýän kanun taslamasy halkara hukugynyň has-da berjaý edilmegine we daşky gurşaw meseleleri boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna kömek eder.  Bu başlangyç, şeýle hem, Türkmenistan hökümetiniň we USAID-iň Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, daşky gurşaw töwekgelçiligini netijeli azaltmak we umumy tebigy baýlyklary has gowy dolandyrmak boýunça alyp barýan işleriniň maksatlaryna laýyk gelýär.

Düýnki çäre Türkmenistan hökümetiniň esasy degişli edaralaryna bu täze kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we oňa baha bermek üçin mümkinçilik döretdi.  Bu kanun taslamasy indi Türkmenistanyň Mejlisiň garamagyna we kabul edilmegine taýyn.

USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän we QED Group LLC tarapyndan ýerine ýetirilýän “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” taslamasy Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda öz işini alyp barýar.  Bu taslama ýurdumyzdaky döwlet edaralarynyň netijeliligini, hasabatlylygyny we aýanlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

###

USAID – öňdebaryjy halkara ösüş guramasy hem-de durnukly ösüşiniň ýardam berijisi.  Has giňişleýin maglumat almak üçin USAID-iň Merkezi Aziýa https://www.usaid.gov/central-asia-regional  web-sahypasyna giriň.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok