“SpaceX”-iň geljek nesil kosmos gämisi bolan “Starship” ýükleri we adamlary ilki bilen aý orbitasyna, soňra bolsa Marsa daşamak üçin işlenip düzülýär. “NASA” 2025-nji ýylda kosmonawtlary Aýa gondurmak üçin gaýtadan ulanylyp bilýän “Starship”-i işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär. Soňra bolsa, bu ýerden Marsa gitmek üçin işlere başlar. Beýleki tarapdan, alymlar Marsyň kyn şertlerine garamazdan, kosmos raketasyny gondurmak üçin kosmonawtlary taýýarlamak üçin birnäçe tagallalary edýär.
Alymlar, kosmonawtlary Los-Koloradosda, Argentinanyň paýtagty Buenos Aýresden müň kilometr uzaklykda ýerleşýän gyzyl we mämişi topraklarda Marsyň üstki gurluşyna meňzeş ýerde taýýarlamaga synanyşýarlar. “Solar54” diýlip atlandyrylýan taslama, Marsyň dürli sebitlerinde birnäçe gözlegleri we synaglary geçirer. “Los Kolorados” ýer ýüzünde Marsa meňzeş ýer hökmünde tanalýar.
2025-nji ýylda amala aşyryljak taslamada görkezilşi ýaly, Marsa gitmek üçin ilki Aýa barmak meýilleşdirilýär. Soňra bolsa, biraz wagtlyk arakesmeden soň, Marsyň barylmasy kyn ýerine gonmak göz öňünde tutulýar. Emma alymlar bu taslamanyň 2040-njy ýylda amala aşjakdygyna ynanýarlar.
Gurbanmyrat KULYMOW,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.
Teswirler