Kitaplaryň dürli görnüşleri

Iň gymmat kitap

Häzirki döwürde bahasy iň gymmat kitap »Apokalipsis» hasaplanýar. Onuň awtory fransuz ýazyjysy Žozef Foredir. Bu kitap Parižiň häzirki zaman sungaty muzeýinde saklanylýar.

Iň gyzykjy kitap

Dünýäde iň gyzykly kitap hökmünde ykrar edilen Dante Aligýeriniň «Ylahy komediýasydyr”. Benediktin monahy Gabriel Çelani bu kitaby 80×60 göwrümli sahypa geçiripdir. Kitabyň öz içine alýan 14 müň bendini aňsatlyk bilen okamak mümkindir. Onsoňam ýene-de bir gyzykly zat: kitabyň her sahypasyna biraz uzaklykdan seretseň, onda Italiýanyň kartasynyň şekilini hem görmek bolýar. Bu işi etmek üçin Çelani 4 ýyl zähmet çekipdir.

Iň uly kitap

Dünýäde iň uly kitap Amsterdamyň muzeýinde ýerleşdirilendir. «Deňiz düzgünleriň ýygyndysy» diýlip atlandyrylýan bu kitabyň beýikligi orta boýly adamyň boýundanam uludyr. Onuň ini bir metr bolup, galyňlygy ýarym metr töweregidir.

Iň kiçi kitap

Dünýäde neşir edilýän kitaplaryň arasynda iň kiçi kitap hökmünde 12 sany kitap hasaba alnandyr. Olar şeýle bir kiçi welin, hatda bir nahar çemçesiniň içine-de ýerleşýär. 12 müň sözli iňlis sözlügi we Fransiýanyň Konstitusiýasy ýerleşdirilen kitaplar hem şolaryň arasyndadyr.

Iň agyr kitap

Dünýäde iň agyr kitap geografik atlas hasaplanýar. Ol kitap Londonyň muzeýinde saklanýar. Boýy bir metre golaý bolan bu geografik atlasyň 320 kilogram agramy bardyr.

Iň täsin kitap

Ýazyjy Ernesta Winsenta Raýtanyň «Gedsbi» romany ýerleşdirilen kitap, megerem, dünýäniň iň täsin kitaby bolsa gerek. Näme üçin diýýäňizmi? Sebäbi kitapda 50 müňden gowrak söz bar, ýöne ýekeje-de “E” harpy ýok.

Aýgözel GURBANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok