Soňky döwürde wagtyň näderejede çalt geçýändigi baradaky gürreňleri eşiden bolsaňyz gerek. Wagt hakykatdanam çalt akyp başladymy? Geliň, bu soraga jogap tapalyň.
Günler, hepdeler, aýlar, ýyllar… Wagtyň näderejede çalt geçýändigini pikir edip gördüňizmi? Ýaňy başlanan ýylyň eýýäm ýarysy geçipdir. Çaga wagtyňyz hiç haçan gutarmajak ýaly duýýan şol uzak günleriňiz indi has gysga diýip pikir edýän bolsaňyz, ýaşyňyz ýeke-täk jogapkärdir. Dýuk uniwersitetiniň professory Dr. Adrian Bejan özüniň täze işinde ýaşyň ulalmagy bilen göz bilen kabul edilýän maglumatlary gaýtadan işlemegiň tizliginiň haýallaşýandygyny munuň bolsa wagtyň gitdigiçe çalt geçýändigine sebäp bolma duýgusyna getirýändigini belleýär.
Dr. Adrian Bejanyň pikiriçe, ýaş ulaldygyça beýnimizdäki nerw ulgamlarynyň ölçegleriniň we çylşyrymlylygy sebäpli elektrik signallarynyň geçiriş ýoly has uzyn bolýar. Bu bolsa signallary gaýtadan işlemegiň wagtynyň köpelmegine getirýär. Mundan başga-da, garrylyk bilen nerwlere zeper ýetmeginiň ýuwaş-ýuwaşdan köpelmegi hem bu prosese ýaramaz täsir edýär.
Bäbekleriň we çagalaryň beýnileri görýän zatlaryny çalt özüne kabul edýärler we gaýtadan işleýärler, adam garradygyça bu proses peselip başlaýar. Netijede, ulularyň beýnisi çagalara garanyňda täze maglumatlary az işleýär. Diýmek, sagat bilen ölçelýän wagt hemmeler üçin deň bolsa-da, göz arkaly kabul edilýän maglumatlary kabul etmegiň wagty adamyň ýaşyna görä üýtgeýär.
Gysgaça aýdanymyzda, çagalygymyzyň şol uzyn günleriniň gysga bolmagynyň sebäbi beýnimiziň şol günlerdäki görüş arkaly kabul edýän maglumatlarynyň häzirki döwürdäkiden has çalt işleýändigi we duýýandygydyr.
Selbi GULAMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutyň talyby.
Teswirler