TITU durnukly ösüşiň üç ugry boýunça dünýä reýtingine girdi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti BMG-nyň Durnukly ösüş maksatnamasynyň esasynda 4 ugry boýunça reýtingde nobatdaky ädimde hasaba alyndy. Bu ýokary okuw mekdebiň öň bu sanawda “habarçy” (reporter) statusynda girizilipdi.

Times Higher Education guramasy tarapyndan geçirilen Impact Rankings 2022 sanawyna Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň gatnaşan ugurlary:

  • DÖM 7 (Hemmeler üçin amatly ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energiýa çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmek) – 601+ sanawynda;
  • DÖM 9 (Durnukly infrastrukturany döretmek, ähli taraplaýyn durnukly senagatlaşmagy we innowasiýany ösdürmek) – 601+ sanawynda;
  • DÖM 17 (Durnukly ösüşi höweslendirmek we global hyzmatdaşlygy çaltlaşdyrmak) – 1001+ sanawynda;

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2016-njy ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda bäş fakultetde onlarça hünär boýunça ýokary bilim berilýär. Şeýle-de bu ýokary okuw mekdebi Türkmenistanyň öňdebaryjy innowasiýa we tehnologiýa öňdebaryjy merkezi hökmünde çykyş edýär.

Uniwersitetiň ekosistemasynda käbir elementleriň arasynda biotehnologiýa we genetika, ýaşyl himiýa, nanoelektronika we zatlaryň interneti, sanly tehnologiýa we maglumat goragy, akylly tehnologiýalar, bionika we robot tehnologiýasy, innowasiýa ykdysadyýeti, kompýuter lingwistikasy, innowasiýa tehnologiýasy we tehnologiýa bionika we robotika, innowasiýa ykdysadyýeti, kompýuter lingwistikasy, innowasiýa mahabaty, daşky gurşaw biotehnologiýasy, ylmy önümçilik merkezleri sanap bolýar.

Bu uniwersitetiň ýaş alymlary we professorlary “akylly şäher” we “akylly öý” tehnologiýalaryň üstünde hem birnäçe işleri alyp barýarlar. Aşgabat şäherini ösdürmegiň 14-nji tapgyrynda bu ýokary okuw mekdebiniň işläp taýýarlan “akylly” tehnologiýalary ornaşdyryldy. Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezinde hem bu tehnologiýalaryň ýerleşdirmek üçin taýýarlyk işleri görülýär.

Ylmyň soňky gazananlary bilen içgin tanyşmak üçin Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti öz gurulan ilkinji ýylyndan başlap halkara hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersiteti bilen häzirki wagta çenli alyş-çalyş meýilnamalary giň gerimli alnyp barylýar. Şeýle-de Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy ylmy tehnologiki bilim edaralary bilen hem onlaýn we oflaýn aragatnaşyk ýola goýulýar.

Şeýle-de Impact Rankings 2022 sanawyna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty girmegi başardy.

Teswirler

Toýly SAZAKOW

16-njy tapgyr bolmaly.