Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy barada Permana gol çekdi

Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramy şu ýylyň 2-nji maýynda belleniler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün — 29-njy aprelde degişli Permana gol çekdi.

Halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, türkmen halkynyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen gol çekilen resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralara, kärhanalara we guramalara Permanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok