Dünýädäki iň uly gök almaz satyldy

Häzirki wagta çenli bilinýän iň uly gök almaz, Gonkongdaky auksion öýünde auksiona çykaryldy. Almaz 57,5 ​​million dollara satyn alyndy. Almazy “Sotheby”-iň Gonkong şahamçasy satuwa çykardy.

“De Beers Cullinan Blue” atly meşhur gök almaz satuwa çykarylandan 8 minut soň öz eýesini tapdy. Almaz 57,5 ​​million dollara satyn alan alyndy emma, alyjynyň ady gizlin saklandy.

2021-nji ýylda Günorta Afrikanyň Cullinan käninde tapylan bu seýrek duşýan almaz, tebigy ýagdaýda duşýan beýleki almaz görnüşlerinden iň meşhur reňklisidir. Örän “seýrek duş gelýän” bölek hökmünde häsiýetlendirilen bu almaz, auksionyň beýanyna görä dünýädäki 10 karatlyk göwheriň biridir.

Mundan öň şuňa meňzeş “Oppenheimer Blue” atly almaz 2016-njy ýylda 57 million 541 müň 779 dollara satylyp, iň gymmat satylan gök almaz boldy.

Mişel KINSFATOR,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok