Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek işi ýokary depginde amala aşyrylýar. Bu işleriň Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan ugur alýandygy has-da buýsandyryjydyr.
Bazar ykdysadyýetiniň döwrebap şertlerinde sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak ýurduň dünýä ykdysadyýetinde tutýan ornunyň pugtalanmagyna, bäsdeşlige ukyplylygynyň, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, ýardam berýär. Munuň özi öz gezeginde raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýeňilleşdirmek bilen bir hatarda olaryň innowasion tehnologiýalardan, häzirki zaman bank önümlerinden netijeli peýdalanmaklary üçin maliýe taýdan sowatly bolmaklaryny şertlendirýär.
Ýurdumyzyň döwrebap ösýän milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Maglumat tehnologiýalarynyň çalt depginler bilen ösýän döwründe elektron resminamalar dolanyşygyna geçmegiň ähmiýeti barha artýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy we onuň netijeliligi häzirki wagtda ýurdumyzyň ösüşini häsiýetlendirýän esasy görkezijileriň biridir.
Zinet SEÝITNAZAROW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler