Ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda bank ulgamynda durnukly durmuşykdysady ösüşini üpjün etmäge, hyzmatlaryň hilini has-da kämilleşdirmäge, görnüşini artdyrmaga, şol sanda bank ulgamyna jemgyýetde uly gyzyklanma eýe bolan sanly bank tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen anyk wezipeler durmuşa geçirilýär. Dünýä tejribesiniň gazananlaryny nazara almak bilen ýurdumyzda bank kartlary arkaly hödürlenilýän bank amallarynyň sany yzygiderli artdyrylýar, geçirilýän tölegleriň goraglylygy we howpsuzlygy üpjün edilýär.
Häzirki zaman innowasion ösüşiň önümi bolan maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň banklara ornaşdyrylmagy olaryň işiniň döwrebaplaşmagyna, häzirki zaman bankynyň keşbine, olaryň iş gurallarynyň kämilleşmegine, müşderiler bilen aragatnaşyk usullarynyň döwrebaplaşmagyna oňyn şert döredýär. Bazar ykdysadyýetiniň häzirki şertlerinde bank işini innowasion tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Sebäbi, bank hyzmatlarynyň hilini kesgitleýän täze önümler bank işjeňliginiň esasy görkezijileriň biri bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Internetden peýdalanýanlaryň sany ýokary depgin bilen artýar. Maglumat tehnologiýalaryň ösmegi bank hyzmatlaryny öndüriji bilen ulanyjynyň arasyny ýakynlaşdyryp, banklaryň arasyndaky bäsdeşligi has hem ýitileşdirdi. Şonuň netijesinde bank hyzmatlarynyň köpdürlüligi artýar, hili ýokarlanýar. Şeýle hyzmatlaryň sanynyň artdyrylmagy we ilatyň bu hyzmatlardan peýdalanmaga işjeň gatnaşmagy kart eýeleriniň wagtyny we maliýe serişdelerini ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik bermek bilen, milli ykdysadyýetiň sazlaşykly işine oňyn goşant goşýar.
Çemen NYÝAZGULYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler