Ýer ýüzünde ilkinji sitrus miweleri takmynan 8 million ýyl mundan ozal ösdürilip başlanypdyr. Olaryň iň esasylarynyň biri hem limondyr. Onuň gelip çykyşy barada anyk maglumatlar ýok hem bolsa alymlaryň köpüsi limonyň 2500 ýyldan gowrak wagt bäri ösdürilip ýetişdirilýän ýeri bolan Hindistanyň demirgazyk-günbatary bolup biljekdigi hakynda garaýyşy öňe sürýärler. Arap söwdagärleri limony ilki Orta Gündogara we Afrika ýurtlaryna, ondan soň Müsüre we Mesopotamiýanyň günorta böleklerine ýaýradypdyrlar. Arheologlar limonyň biziň eramyzyň ikinji asyrynda Ýewropada, Italiýanyň günortasyna ýaýrandygyny belleýärler. Şol döwürlerde Eýran-da bolsa limon giňden ösdürilip ýetişdirilmändigi sebäpli, gaty seýrek we gymmatly haryt hasaplanypdyr. Takmynan 700-nji ýylda limon agaçlary Parslara ýaýrap, ol ýerlerden Müsüre we Yraga ýetýär. Sitrus miwesi hakynda ilkinji ýazgylar X asyrda ýüze çykyp başlaýar. Ilki-ilkiler limon iýmitlik serişdesi hökmünde ösdürilip ýetişdirilmän, takmynan ol X asyra çenli bezeg ösümligi görnüşinde ösdürilip ýetişdirilipdir. Araplar XI asyrda limony Ispaniýa getirýärler we 1150-nji ýyla çenli limon Ortaýer deňziniň töwereklerindäki ýurtlarda giňden ýaýrapdyr. Ýewropalylar bolsa limony XV asyrda aşpezlik işlerinde giňden peýdalanypdyrlar. Limonyň tutuş ýer ýüzüne ýaýramagynda meşhur syýahatçy Hristofor Kolumbyň hem orny bardyr. Limon Kaliforniýada 1751-nji ýyla çenli ösdürilip ýetişdirilip, 1800-nji ýyllarda ABŞ-yň Florida ştatynda nahar bişirmekde we tagam taýýarlamakda giňden ulanylypdyr. XIX asyryň başlarynda Kaliforniýada we Florida-da limony söwda satuw üçin ösdürilip ýetişdirilipdir. Bir asyr wagt geçenden soň 1894-1895-nji ýyllarda gyşyň sowuk gelmegi bilen Florida ştatynda limony söwda maksatlary üçin ösdürilip ýetişdirmek bes edilipdir. 1953-nji ýyllarda doňdurylan limon konsentraty we tebigy sowuk basyşly limon ýagy zerurlygy sebäpli, onuň önümçiligi gaýtadan dikeldilipdir we ýola goýulypdyr. Şondan soňra bolsa, ol dünýä ýüzüne giňden ýaýrapdyr. Limonyň häzirki wagtda ösdürilip ýetişdirilýän Lissabon we Meýer görnüşleri has meşhurdyr. Onuň Meýer görnüşini ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek uly gerime eýedir. Limonyň Lissabon görnüşi has tikenli bolup, ol esasan, gyş aýlarynda ýetişýär. Daragtyň boýy bolsa, üç-dört metr töweregi bolýar. Limonyň Meýer görnüşiniň tagamy ýumşak we az kislotaly bolýar. Onuň hem hasyly edil Lissabonyňky ýaly gyş aýlarynda alynýar. Ýöne ondan tapawutlylykda ol tutuş ýylyň dowamynda üznüksiz önüm berýär. Limonyň Meýer görnüşiniň boýy 3 metre çenli aralykda bolup, ony ýörite niýetlenen küýzelerde ýetişdirmeklik hem özüniň ýokary netijesini beripdir.
Gülmira MEÝMANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler