Suw ýaşaýşyň gözbaşy

Suw bolmasa janly-jandarlar we ösümlikler ýaşap bilmeýär. Muňa seretmezden suwuň ýok ýerinde, ýagnyň örän seýrek ýagýan çöllerinde hem janly tebigaty görmek bolýar. Eýsem, bu ösümlikler nädip suwsuz ýaşap bilýärlerkä?! Şu güne çenli geçirilen barlaglarda ösümlikleriň kök ulgamynyň olaryň ýaşamagy üçin zerur bolan çyglylygy almaga mümkinçilik berýändigi ýüze çykaryldy. Kökleri gysga we inçe bolan ösümlikler yzgar toprakly ýerler-de ösüp, olar çöl howasyna çydamaýar. Çölde ýetişýän ösümlikleriň bolsa kökleri has aşaklygyna ösüp, topragyň çuňluklaryndaky suwy çekip alýar.

Çöllerde, ýarym çöllüklerde, düzlüklerde, gurak we çägeli ýerler-de bitýän ösümlikleriň daşky şekili çyglylygy goramaga, düzüminde suwy saklamaga we toprakdan suwy çekip almaga ukyply bolýar. Ol ýerlerde ösýän agaçlar we gyrymsy agaçlar adatça pürli bolýar. Ýaprakdan tapawutlylykda pürler ösümligiň düzümindäki suwy saklap galmaga mümkinçilik berýär. Çölde bitýän käbir ösümlikleriň düzüminde alyp içip boljak derejede köp mukdarda suw saklanýar. Olara baobab agaçlary we kaktuslaryň käbir görnüşi degişlidir. Gurak ýerlerde bitýän ösümlikleriň howadaky çygy çekip bilýän häsiýetlisi hem bolýar. Çölde bitýän ösümlikleriň käbiriniň reňki solak ýaşyl bolýar. Bu ösümlikleriň açyk reňki gün şöhlesini yza serpikdirip, gyzmagyň öňüni alýar we suw ýitgisini azaldýar.

Çölde bitýän käbir otlaryň tohumlary bolsa guraklyk döwründe gögermän saklanýar. Ýagyş ýagan soňra bolsa bu ösümlikler gögerip çykýarlar. Gysga wagtyň içinde bu ösümlikler ösüp ulalyp, gülläp we tohumlap ýetişýär. Birnäçe günüň dowamynda çöl gülzarlyga öwrülýär. Bu gözellige tomaşa etmek üçin ýurduň dürli ýerinden syýahatçylar we tebigaty öwreniji alymlar ol ýere barýarlar. Ösümlikleriň gül açjakdygyny öňünden bilip bolýar. Şeýlelikde, oňa tomaşa etmäge isleg bildirýänler öňünden çagyrylýarlar. Bu ýerde dürli reňkli güller açylýar. Bu ösümlikleriň tohumlary guraklyk onlarça ýyl dowam eden ýagdaýynda hem topragyň astynda çüýremän galyp, ýyl ýagynly gelen wagty gögerip çykýarlar.

Dawut BEKIÝEW,

Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok