Türkmenistanyň energetika pudagy – täze eýýamyň Galkynyşynyň aýdyň ýolunda

Ata Watanymyz Türkmenistanda «Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly»  diýlip yglan edilen 2022-nji ýylda eziz Diýarymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda esaslandyrylan  häzirki ajaýyp zamanamyzda – Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary bilen bir hatarda milli energetika pudagy hem ösüşiň täze tapgyryny başdan geçirýär. Milli energetika pudagynda giň gerimli özgertmeleri öz içine bu ösüş tapgyry 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» esaslanýar. Bu Milli maksatnama laýyklykda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynda geljekde alnyp baryljak giň gerimli özgertmeler barada Arkadagly Serdarymyz özüniň 2022-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda aýratyn durup geçmeklik bilen: «Garaşsyz döwletimiziň elektrik energetikasy pudagyna köp möçberde maýa goýumlar gönükdiriler. Türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylar we ony ibermegiň ulgamy kämilleşdiriler. Geljekde ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, şol sanda Gün batareýalaryny öndürmegi giňden ýola goýmak we ornaşdyrmak hem meýilleşdirilýär.» – diýip belledi.   

Arkadagly Serdarymyz 2022-nji ýylyň 5-nji aprelinde geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem, giň möçberli Döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmakda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan energetika senagatyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bar bolan kuwwatlyklary, şol sanda Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energetikany – Gün we ýel energiýasyny ulanmagy ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek arkaly, yzygiderli artdyrmak babatda gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi.

2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň elektroenergetika senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge gönükdirilen wezipeleri öz wagtynda amala aşyrmaklykda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda tassyklanylan «Energiýany tygşytlamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» ähmiýeti hem örän uludyr. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň ylmy işgärleriniň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda taýýarlanylan bu Döwlet maksatnamasy  Türkmenistanyň howa we geografik şertlerine laýyklykda ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini döwrebap peýdalanmaga mümkinçilik berýär. «Energiýany tygşytlamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ylaýta-da oba ilatyny we medeni zolakdan uzakdaky ýerleriň energoüpjünçiligini gowulandyrmaga ýardam edýär.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagy has-da pajarlap öser.

Ýusup GURBANMYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok