Lagym ulgamy – ekologik abadançylygyň gözbaşy

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmaklyk, daşky gurşawy aýawly saklamaklyk babatynda eziz Diýarymyzda alnyp barylýan giň gerimli işler BMG-niň Durnukly ösüş maksatnamasynyň 17 sany global maksadynyň aýrylmaz bölegi bolan ekologiýa strategiýasynyň Türkmenistanda üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmaklykda we ilatyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmeklikde lagym ulgamynyň ähmiýeti aýratyn berlärliklidir. Lagym – arassa ýa-da hapa suwlary akdyrmak üçin niýetlenilen ýerasty suw geçirijileriň ulgamydyr. Bu ulgam häzirkizaman ylmynyň iň soňky gazananlarynyň esasynda döwrebap derejede özgerdilýär. 

 Garaşsyz hem Baky Bitarap Watanymyzyň ähli sebitlerinde ilatdan we senagat kärhanalardan akdyrylýan ulanylan suwlar mehaniki we biologiki usullarda arassalanýar. Muňa mysal edip, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda  Mary, Türkmenabat, Daşoguz, Türkmenbaşy şäherlerinde gurlan lagym ulgamynyň arassalaýjy desgalaryny görkezmek bolar. Dünýä ülňülerine gabat gelýän, iň täze tehnikalar we tilsimatlar bilen űpjün edilen tebigy suwy arassalaýjy bu döwrebap desgalar, belli daşary ýurt firmalary tarapyndan guruldy.

Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ulanylan suwlaryny arassalaýjy desgasy häzirki döwürde gurlup ýör. Şol arassalaýjy desgada arassalanan suwlary suwarymly ýerlere bermeklik, ekinlere suwuň gerekmejek wagtlary bolsa zeý suw akabalaryna akdyrmaklyk üçin lagym ulgamy göz öňünde tutulandyr. Lagym ulgamynyň suw arassalaýjy desgalarynda çökündini doly zyýansyzlandyrmak, bölünip çykýan metan gazyny arassalaýjy desganyň öz içinde ulanmaklyk hem-de zyýansyzlandyrmaklyk, guradylan çökündini ekinlere dökün höküminde bermeklik göz öňünde tutulandyr.

Ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşy, Ukrainanyň «Interbudmontaž» hojalyk jemgyýetiniň paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň çäginde on metrden gowrak çuňlukda gurýan ýerasty ötügi birnäçe inžener-kommunikasiýa ulgamlaryny özünde jemleýän täsin desgadyr. Onuň gurluşygy Aşgabat şäheri üçin örän wajyp bolup durýar. Bu ötügiň birinji gaty üç bölekden ybarat bolup, olaryň birinde şäheriň ähli lagym suwlaryny akdyrmak, ýene birinde ýagyn suwlaryny ýygnap äkitmek, üçünjisinden bolsa şäherde bar bolan ýerasty suwlary çekdirmek göz öňünde tutulandyr. Hususan-da, ýerasty suwlary pese gaçyrmak giň gerimlerde ösýän paýtagtymyz üçin uly ähmiýete eýedir. Ýerasty suwlar şöhle görnüşinde ýerleşdirilen zeýkeş turbalary arkaly öz akymyna bu ötüge gelip düşýär we şor suw akabalary boýunça yzygiderli akyp gidýär. Ötügiň kömegi arkaly zeý suwlaryň öz akymyna şäheriň çäklerinden çykarylmagy harajady ep-esli azaldýar. Ol ulgamlaryň işläp başlamagy bilen paýtagtymyzyň demirgazyk –  günorta böleginde bar bolan ýerasty suwlary iki metr çemesi aşak düşürmek mümkin boldy. Şeýle hem, inženerçilik kommunikasiýalaryň sazlaşykly işlemegine ýardam edýär.

Lagym ulgamlarynyň sazlaşykly işlemegi bolsa arassaçylygy üpjün etmäge we adam saglygyny  goramaga zerur şertleri emele getirýär. Paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň düýbüni tutmak işleriniň ýeňilleşdirilmegine getirýär. Ak mermerli şäherimizi bagy-bossanlyga öwrüp, ekologiýa abadançylygyny ýola goýmakda bu desganyň ähmiýetini aýratyn bellemek gerek. Çünki, ötügiň kömegi arkaly ýerasty zeý suwlaryň äkidilmegi diňe bir paýtagtymyzyň ösmegine däl-de, tutuş ýurdumyzyň ykdysadyýetine oňaýly täsir edýär.

Paýtagtymyzda gurulýan ýerüsti we ýerasty desgalaryň lagym ulgamy görnüşindäki zeýkeş – aragatnaşyk ötüginiň düzümleri Aşgabatda durmuş üpjünçiliginiň birnäçe meselelerini toplumlaýyn çözmäge mümkinçilik berýär. Hususan-da, ol şäheriň suwuň has köp ýygnanýan böleginde ýerasty suwlaryň derejesini peseltmäge, şäheriň lagym, suw, elektrik üpjünçilik, aragatnaşyk ulgamlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak, ýaramly suwuň möçberini köpeltmek arkaly ýerüsti we ýerasty suwlaryň peýdalanyşynyň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, Arkadagly Serdarymyz özüniň 2022-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda bu barada aýratyn durup geçmeklik bilen: «Önümçilige häzirki zaman suw tygşytlaýjy tehnologiýalary hemişelik esasda ornaşdyrylar we suwarmagyň ozal ulanylýan usullary kämilleşdiriler.» – diýip belledi.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasynda ýurdumyzyň lagym ulgamy döwrebaplaşdyrylyp, ekologiýa abadançylygy üpjün edilýär.

Hojaberdi ARRYKOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri
ylmy-önümçilik merkeziniň tehniki işgäri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok