Bilermenler aýdym-sazyň adamyň ruhy ýagdaýyny gowulandyrýandygyny, şeýle hem içki duýgusyna täsir edip, öwrenmek ukybyny hem ösdürýändigini belleýärler. Saz irki döwürlerden bäri bejergide hem peýdalanylypdyr. Bilermenleriň belläp geçmegine görä, halaýan aýdymyňyzy diňlän wagtyňyzda aladalaryňyzdan daşlaşýan bolsaňyz, bu aýdym-sazyň beýnä gönüden-göni täsir edýändiginiň aýdyň mysalydyr. Aýdym adamyň şatlyk garmonlaryny işjeňleşdirýär. Alymlar aýdymyň beýniniň ýatkeşlik bilen bagly böleklerini we nerw ulgamyny işjeňleşdirýändigini hem belleýärler. Aýdym diňlenende adamyň beden agzalary sazyň heňine görä biygtyýar hereket edýär.
Ýagny, adamyň bedeni hem diňlenýän aýdym bilen sazlaşykly hereket edýär. Beýniniň dürli bölekleriniň işjeňleşmegi ony has-da güýçlendirýär. Bu bolsa, adamyň ukyplaryny artdyrýar. Alymlar aýtmaklaryna görä haçan-da, adamy gam-gussa basan wagty 20 minut aýdym diňlemegi maslahat berýärler. 1993-nji ýylda ABŞ-nyň Wiskonsin Oşkoş uniwersitetiniň mugallymy, doktor Franses Rauşer talyplaryň arasynda geçirilen barlaglarda nusgawy sazlaryň adam beýnisini kämilleşdirýändigini ýüze çykarypdyr. Mosartyň sazlaryny diňlän talyplaryň ýatkeşliginiň ýokarlanandygy anyklanypdyr. Şeýle hem geçirilen barlaglar ösüp gelýän ýaşlaryň saz guralyny çalyp öwrenmekleriniň döredijilik ukybyny has-da, artdyrýandygyny ýüze çykarypdyr.
Baýram ALLABERDIÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler