Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň turkmenistan.gov.tm internet neşiriniň habar bermegine görä, beýik akyldar Mäne Baba ady bilen tanalýan Abu Seýit Abul Haýyr hakynda çeper-publisistik filmi düşürilýär.
Dowamlylygy gysga 30 minutdan ybarat bolan bu film Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilim» birleşigi tarapyndan surata düşürlýär.
Mäne Baba – Gündogaryň beýik akyldary, söz ussady, keramatly piriň doly ady Abu Seýit Fazlylla bin Abul Haýyr Muhammet ibn Ahmet Mähneýidir. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili hasaplanýan Mäne Baba häzirki Kaka etrabynyň Mäne obasynyň golaýynda hijri senesi boýunça 357-nji ýylda, mäherrem aýynyň başynda ýekşenbe güni dünýä inipdir. Ylmy maglumatlara görä bolsa 1049njy ýylyň 12-nji ýanwarynda dünýäden ötüpdir.
Güljan JUMANAZAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Teswirler