Arassa ekologiýa babatdaky alada

Häzirki wagtda Türkmenistanyň sebitiň we dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy täze depgine we many-mazmuna eýe bolýar. Döwletimiz halkara giňişliginde umumadamzat ähmiýetli derwaýys wezipeleriň çözgüdini taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Amatly daşky gurşawyň, ilatyň saglygynyň goragyny, atmosferanyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny, ekologik ulgamlaryň durnukly işlemegini, tokaýlary köpeltmegi we ýer-suw gorlaryny, ösümlik dünýäsiniň baýlyklaryny rejeli peýdalanmagy üpjün edýän milli kanunçylygymyz bilen halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuk namalary utgaşdyrylyp, bu ugurdaky işler sazlaşykly durmuşa ornaşdyrylýar.

Ekologiýa we adam saglygy biri-birinden aýryp bolmaýan bitewülikdir. Döwletimizde halkyň saglygy iň gymmatly baýlyk hasaplanýar. Daşky gurşawy goramak arkaly halkyň saglygyny goramak biziň ýurdumyzda kanunçylyk taýdan hem berkidilendir. Daşky gurşawy goramak babatda öňe sürlen «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Agyz suwy hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Galyndylar hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi howanyň üýtgemegine garşy göreşde möhüm ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde, Diýarymyzyň ähli künjeginde, aýratyn hem paýtagtymyzyň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektary tutýan tokaý zolaklary döredildi. Bu ýerlerde amatly howa gurşawy emele getirildi. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji iýunyndaky Karary bilen «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» kabul edildi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli işleriň Meýilnamasy tassyklandy. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmäge, şeýle hem miweli baglaryň we üzümiň ekilýän meýdanlaryny köpeltmek arkaly azyk üpjünçiligini has-da pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri döreder. Netijede, tokaýçylyk pudagy ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine ýardam eder, topragyň zaýalanmagynyň öňüni almaga, ekerançylyk we öri meýdanlaryny gowulandyrmaga oňaýly şertleri döreder.

Bägül JEPBAROWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok