Türkmen telekeçileriniň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.

Hasabat boýunça 12-13-nji aprelde serginiň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy habar berildi. Şol sergide TSTB-niň dürli ulgamlarda işleýän agzalarynyň 200-den gowragy geçen döwürde gazanan üstünliklerini görkezer.

Sergi bilen ugurdaşlykda geçiriljek maslahat hem geçiriler. Maslahatda türkmen telekeçileriniň gazanan üstünlikleri we täze wezipeleri, hususan-da, innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamlary ornaşdyrmak, Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hususy ulgamy ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.

TDH

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok