Balyklar suw içýärmi?

Ýaşaýşyň çeşmesi bolan suw, janly-jandarlaryň bedeninde dürli dykyzlyklarda bolýar. Bu, ähli janly-jandarlaryň, şol sanda suwda ýaşaýanlaryň, suwy fiziologiki taýdan ulanýandygyny aňladýar.

Balyklar suw içýärmi? – Hawa, balyklar hem suw içýärler.

Balyklar süýji suwlarda we duzly suwlarda ýaşaýanlar diýen iki topara bölünýärler. Duzly suwdaky duzuň konsentrasiýasy balyk bedenine garanyňda has ýokarydyr. Şol sebäpli balygyň bedeninden daşyna suw akýar. Duzly suwlarda ýaşaýan balyklar muny deňleşdirmek üçin yzygiderli suw içmeli bolýarlar. Şeýle hem, artykmaç elektrolitleri içýän duzly suwy arkaly daşyna çykarýarlar. Bu gaty köp energiýa talap edýändigi sebäpli, duzly suwdaky balyklar suwy has gowy ulanmak üçin böwreklerinden çykýan suwuň mukdaryny azaldýarlar.

Süýji suwlarda bolsa bu tersine bolýar. Süýji suwdaky balyklaryň bedenindäki duzuň konsentrasiýasy daşarky ýagdaýdan has ýokary bolansoň, suw daşardan balygyň bedenine geçýär. Süýji suw balyklary hem bu artykmaç suwy yzygiderli çykarmaga synanyşýarlar. Balyklaryň daşyndaky teňňeler suwuň deriniň üsti bilen bedene girmeginiň öňüni almakda hem möhüm rol oýnaýar. Mundan başga-da, käbir balyk görnüşleri öz gurşawyna gaty gowy uýgunlaşdylar. Mysal üçin, akulalaryň bedenindäki duzuň konsentrasiýasy deňiz suwuna ýakyn bolýar. Şeýlelik bilen, bu balyk görnüşleri suwy daşyna çykarmak üçin hiç hili güýç sarp etmeli däl bolýarlar. Mundan başga-da, ýylan balyklar we kiçi balyklar hem süýji hem-de duzly suwa uýgunlaşan bolýarlar. Olaryň bedeni iki gurşawda-da ýaşap bilýän derejede uýgunlaşandyr.

Leýli ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok