Berkarar döwletimizde maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýetiň görnüşini ösdürmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenmegi bu döwrebap meseleleriň ýurdumyzyň häzirki we geljekgi ösüşi üçin wajyplygyny görkezýär. 2018-nji ýylyň noýabrynda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edilip onda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, ugurlary amala aşymagyň tapgyrlary kesgitlenildi.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmgeiň oňyn taraplary barada söz açylanda hökmany suratda onuň ilatyň bilim derejesiniň ýokarlanmagyna edýän täsiri barada durup geçmek zerurdyr. Häzirki döwürde ösen döwletlerde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň ösmegine gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberleriniň ýylsaýyn artdyrylmagy kanunalaýyk ýagdaýa öwrüldi. Bu ilkinji nobatda ylmyň we bilimiň adamyň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmagyň netijeli serişdesi bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr. Ösen döwletlerde maýa goýumlarynyň köp böleginiň bilim ulgamynda ulanylýan sanly tehnologiýalaryň kämilleşdirilmegine gönükdirilmegi, ýagny olaryň okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmakda ulanylmagy bilimiň ýokary hilini gazanmagyň ýurduň ykdysady howpsuzlygy üçin näderejede wajypdygyny görkezýär.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň birnäçesinde toplananan tejribe sanly gurşawyň döredilmegi bilen milli ösüşde birnäçe artykmaçlyklaryň gazanylýandygyny görkezýär. Şunda maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen ýurduň ykdysady ulgamynyň ösüşe ukyplylygyny häsiýetlendirýän görkezijiniň, ýagny jemi içerki önümiň artýandygy bellenilýär. Mundan başga-da, ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagy ilatyň abadan ýaşaýşynyň üpjün etmek üçin wajyp bolan möhüm meseläniň çözülmegine, ýagny ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň gowulanmagyna hem ýardan berýär. Sanly hyzmatlara ykdysadyýetiň we jemgyýetiň islegleriniň barha artmagy telekeçiligiň ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Bu ýagdaý ýurtda täze iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirýär. Iş üpjünçilik ulgamynyň kämilleşdirilmegi ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna we durmuş abadançylygynyň ýokarlanmagynda öz aýdyň beýanyny tapýar.
.
MAHYM ARSLANOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Darganata etrap birleşmesiniňesasy hünärmeni.
Teswirler