“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Türkmenistan ýurdumyz bedew bady bilen ösüşlere beslenýär. Şol ösüşlere Nebit-gaz pudagaynyň agzybir işgärleri, hususan-da «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri özleriniň mynasyp goşantlaryn goşýarlar.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri üçin geçen ýyl üstünliklere beslendi. 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende tebigy gazyň önümçiliginiň ösüşiniň görkezijileri 144%-e deň boldy. Bu baradaky habary “Nebit-gaz” elektron gazeti habar berýär.
Müdürligiň brigadalarynyň hünärmenleri guýularyň öndürijiligini dikeltmek we artdyrmak bilen bagly işleriň giň toplumyny ýerine ýetirmekdäki işleri uly depgin bilen alyp barýarlar. Hünärmenler häzirki zaman tehnikalaryndan peýdalanyp, önümçilik işlerinde öňe gidişleri gazanýarlar.
2022-nji ýylyň başyndan häzirki wagta çenli, üç sany guýy abatlanyldy we ulanyşa girizildi, geçen ýylda bolsa – 42 sany guýy ulanyşa girizildi.
Pygamberdurdy BERDIGULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler