Ynsanyň kalbynda aýrylmaz orun eýeleýän akyldarlaryň eserleri biziň durmuşymyzy gözelleşdirýär. Şeýle ajaýyp eserleri döredýänlere bolsa ylahy zehiniň berilenligi hakykatdyr. Şeýle akyldarlaryň biri hem italýan edebiýatynyň düýbüni tutujysy ýazyjy Dante Aligýeri hasaplanýar. Italýan halky Dante Aligýerini “Italýan diliniň atasy” hasaplaýar. Munuň beýle kabul edilmegi hem ýöne ýerden däldir. Sebäbi ýazyjy ilkinji bolup öz eserlerini ýazanynda häzirki wagtda Italiýanyň edebi dili hasaplanýan fiorentin dialektindan peýdalanypdyr. Şonuň yzysüre ähli ýazyjydyr şahyrlar bu dili edebi dil hökmünde kabul edip italýan diliniň şu derejelere ýetmeginde köp işleri amala aşyrypdyrlar. Ýazyjynyň hormatyny diňe bir italýan edebiýatynda däl-de, dünýä edebiýatyndaky ýazyjylaryň Dante baradaky aýdan dürdäne sözleriniň üsti bilen hem görmek bolýar, olardan nemes akyldary Fridrih Nişse “Eger Dante bolmadyk bolsady, italýan dili hem bolmazdy”, italýan akyldary Terensio Mamiýani “Gomer we Şekspirden başga Dante bilen hiç kim ýaryşyp bilmez”, italýan ýazyjysy Françesko Burdin “Dante bolmadyk bolsady, daşary ýurtlular tarapyndan italýan edebiýaty bilinmezdi” diýip belläp geçýär. 2020-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Italiýanyň medeniýet ministri Dario Françeskiniň teklip bermegi netijesinde her ýylyň 25-nji marty Dante Aligýeriň güni diýlip yglan edildi we bu sene italýan senenamasyna “Dantedì” güni diýlip girizildi. Bu senäniň saýlanyp alynmagynyň birnäçe sebäpleri bardyr, olar:
- Dante Aligýeriniň iň meşhur eseri “Ylahy Komediýa” poemasynda özüniň syýahatyna başlaýan güni 1300-nji ýylyň 25-nji marty hasaplanypdyr.
- Akyldar şol günde hem özüniň halypasy hasaplaýan antik italýan şahyry Wergiliý bilen öz syýahatyna başlapdyr.
Şu ýagdaýlary göz öňüne tutmak bilen bir hatarda hem bu senede beýik ussadyň baýramy bellenip geçilýär.
Ýaňy ýakynda, ýagny 2021-nji sentýabr aýynda ýazyjynyň aramyzdan aýrylmagynyň 700 ýyllygy bellenip geçildi. Bu ýyllyk baýramy diňe bir Italiýada bolman, eýsem dünýäniň köp ýurtlarynda hem uludan bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň dekabr aýynda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyny” kabul etmeginiň netijesinde dil hepdeliklerini geçirýäris hem-de şol hepdeliklerde talyplarymyz Dante Aligýeriniň hem-de beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň gyzyldan gymmatly eserlerini janlandyrmak arkaly öz döwrümizde ýaşadýarlar.
.
Aýsoltan MERETMUHAMMEDOWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy.
Teswirler