Adamzat gadym döwürlerden bäri hyýalynda uçmagy arzuwlap gelipdir. Adamlaryň gadym wagtlardan guş ýaly uçmagy barada köpsanly rowaýatlar we hekaýalar ýazylypdyr. Birinji bolup asman giňişligine göterilen doganlar Mongolfe Jozef (1740-1810) we Jak (1745-1799) hasaplanýar. Bular sowuk howa görä yssy howanyň ýeňil bolýandygyny oýlap howa şaryny yssy howa bilen doldurýarlar. Ilkinji gezek bu howa şarynda horaz bilen ördek asmana uçurylyp synag edilýär we 8 minut ýokarda saklanýar. Soňra bular 1783-nji ýylyň 21-nji noýabrynda özleriniň ýasan howa şarynda Pariž şäherinden asmana göterilýärler.
1875-nji ýylda professor Jak Şarl wodorodly howa şaryny döredýär. Sebäbi wodorod gazy yssy howa görä has ýeňil hasaplanýar. Şol ýylda iki sany fransuz Blonsar we Jefri bu howa şarynda uçup görýärler. Emma howa şarlarynyň birnäçe kemçilikleri bolup durdy: ýagny, birinji, olary dolandyrmak kyn, ikinjisi bolsa bu howa şarlary ýokary beýiklige göterilende ondaky adamlaryň dem almagy kem-kemden agyrlaşýardy. 1852-nji ýylda birinji howa gämisini fransiýaly Anri Jiffar ýasap onuň ýasan howa şarynyň uzynlygy 44 metre barabar bolupdyr. Oýlap tapyjy Anri Jiffar asma meýdançasyna perli bug maşynyny ýerleşdirip ony Dirižabl diýip atlandyrýar. Şondan soňra bolsa howa şarlary özbaşdak dolandyrylyp başlanýar. Dirižabl fransuz sözi bolup, “dolandyrylýan” diýen manyny aňladypdyr. 1898-nji ýylda nemes oýlap tapyjysy Ferdinand Seppellin (1838-1917) tarapyndan iň uly dirižabl döredilýär. Bu uly dirižably transport wezipesini ýerine ýetiripdir. Ýewropanyň şäherlerinde gündelik howa gatnawlaryna bu dirižabllar ulanylyp başlanypdyrlar. Emma köp wagt geçmänkä dirižabl döwri tamamlanýar. Oňa 1937-nji ýyldaky iň uly dirižablyň asmanda partlamagy netijesinde 35 adamyň heläk bolmagy sebäp bolýar. Ýene bir tarapdan bu enjamyň hereketi örän haýal bolup durýar.
Gülnabat ŞIRIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler