Bouling topy nähili ýasalýar?

Bouling topy, olar reňkli plastikanyň ýönekeý sferasyna meňzeş, ýöne bouling toplary iň amatly sport oýunlary üçin ykjam işlenilip taýýarlanylýar. Onuň içinde birnäçe täsin gatlaklar ýerleşip, agyr asimmetrik esas bilen okuň daşyndan aýlanyp ýasalýar. Okuň özi mineral bilen garylan poliester şepbiginden ýasalýar. Katalizator (himiki täsirleşmäni tizleşdirýän ýa-da haýalladýan jisim) ilgençegine himiki täsirleşmä goşulyp, ol çeýe topy gyzdyrýar. Soňra, ol sudura görä guýulyp, ol ýerde çalt gataýar. Ok suduryň içinde galýar we beýleki plastik gatlak guýulýar. Örtügiň daşky gatlagy topuň ýodajykda tigirlenmegine ýardam bermek üçin niýetlenen. Iň soňunda, barmaklar üçin daşyndan üç sany deşik deşilýär.

Daşky gatlagy. Poliuretan gatlagy topuň ýodajykdan tigirlenip barmagyna we ol kegle degende güýç bilen ýaýramagyna kömek edýär;

Daşky ýadro. Bu ajaýyp polimer sfera topa forma berýär we içki ýadrony ýerbe-ýer saklaýar;

Ýadro görnüşleri. Olaryň birnäçe görnüşleri bolup, her biri ýörite klassifikasiýa derejeli oýunçylar üçin ýasalýar;

Içki ýadro. Hek daşy we silikat ýaly minerallar bilen garylan poliester rezininden ýasalyp, topa agyrlyk berýär;

Ýadronyň merkezi. Bu bir formaly we dykyzlykly ýadrony we beýleki, içki ikinji formaly we dykyzlykly ýadrony öz içine almak bilen ýasalýar.

Meýlis ŞAÝYMOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok