Dokma toplumynyň ýokary tehnologiýaly önümçilik kuwwaty

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşmagynda açylan Kaka etrabyndaky täze dokma toplumynyň önümçilik kuwwaty barha artýar.

Häzirki wagtda Kaka etrabyndaky dokma toplumynda innowasiýa daýanýan «Jeýtun» we «Mäne» markaly dokma önümlerini öndürmegi özleşdirýärler. Toplumyň agzybir işgärleri ýokary hilli egin-eşikleri, hususan-da sport eşikleri, erkek köýnekleri, «çinos» görnüşli jalbarlary, çaga jalbarlarynyň we köýnekleriniň önümçiligini ýola goýdular.

Dokma toplumynda bir wagtyň özünde, egirmegi, dokamagy, boýamagy we tikmegi öz içine alýan iň täze tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu kärhanalaryň kuwwaty, degişlilikde 1.200.000 we 3.500.000 sany taýýar geýim öndürmäge mümkinçilik berýär.

Aýlar ÇARYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok