Çeper edebiýaty okamagyň täsiri

Beýnini işjeňleşdirmek boýunça iň oňat maşklaryň biride bu okamakdyr. Çagalykda okap başlan adamyň beýnisi, uly adam hökmünde okamagy öwrenen adamyň beýnisine garanyňda ähli baýlyklaryny işjeňleşdirmäge ukyplydyr. Beýnimiz okanymyzda işleýär – okaýan zatlarymyza baglylykda ösýär, üýtgeýär, täze baglanyşyklar we dürli şekiller döredýär.

Çeper edebiýat okamak duýgudaşlyk derejesini ýokarlandyrmak bilen başga birine düşünmek, gatnaşyk guramak, emosional akyl (EQ) ukybyny hem ösdürýär. Gahrymanlaryň jemgyýetçilik, gündelik durmuşyna, beýlekiler bilen gatnaşyklaryna gönükdirilen edebi eserler dünýäni başga bir adamyň gözleri bilen görmegi, onuň sebäplerine düşünmegi, dürli psihotipleriň arasyndaky tapawudy duýmagy we dürli ýagdaýlarda hereketlerini çaklamagy öwredýär. 

Çeper edebiýaty okamagyň aň teoriýasyny kesgitleýändigini yzygiderli görýäris. Peýdalary bada-bat bolmasada kitap okamak size beýleki adamlar bilen has gowy düşünmäge hem aragatnaşyk gurmaga kömek edýär. Okamak, adatça hakyky durmuşda gatnaşmaýan dürli keşplerimizi görmäge kömek edýär hem bize olaryň psihologiki tejribeleri we beýleki adamlar hem-de ýagdaýlar bilen nähili gatnaşygy barada düşünje berýär.

Akyl ýetirijilik ukyplaryna şygyrýetiň täsiri öwrenilende okyjylaryň has çuňňur hem-de has özboluşly pikirlenip başlaýandyklaryny, ýagny, standart däl pikirleri we çözgütler tapýandygyny subut edýär. Goşgy ýa-da beýleki göçme tekstleri yzygiderli okaýan adamlaryň beýnisiniň käbir ýerleriniň işjeňleşmeginde ajaýyp üýtgeşmeleri başdan geçirýärler. Ýagny, olar duýdansyz bolýan ýagdaýlara tiz uýgunlaşma we çalt hereket etmek ukyby gowulaşyp, göz öňünde tutulan hereketleriniň adaty däl hereketler bilen çalşyrylýandygyna psiholog alymlar tarapyndan bellenilip geçilýär. Alymlaryň pikiriçe, goşgy okamak beýniniň sag ýarym şaryny, has dogrusy, awtobiografiki ýatlamalar üçin jogapkär bölegini işjeňleşdirýär. Okyjy özüni ýaňy alan täsirlerinden ugur alyp şahsy tejribesine ýüzlenýän ýalydy duýýar.

Kitap okamaklyk çeper döredijilik bilen baglanşyklydyr. Hususan-da, romanlary we hyýaly eserleri okamak okyjynyň hyýalyny hem-de pikirleniş prosesine beýleki görnüşleriniň täsir etmeýän taraplaryny öwredýär. Çeper edebiýat döredijilik ukyby ýokarlandyrmak bilen bir hatarda psihiki çäklendirmeleri ýok edýär, şahsyýeti daş-töwerekdäki aýratynlyklary hem-de üýtgeşmeleri kabul etmäge we täzeçillige açyklygy höweslendirýär.

Aýjemal ATABAÝEWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok