Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasynda ata Watanymyzyň her güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Munuň özi, agzybirlikden döwlet tapan, halallyga, adalata, ynsanperwerlige, dost-doganlyga ygrarly merdana halkymyzyň eşretli zamana ýetendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän her bir işde, ýurdumyzy ähli ugurlardan ösdürmek, her bir adamyň eşretli durmuşda ýaşaýşyny üpjün etmek baradaky alada öz beýanyny tapýar.
Biziň bilşimiz ýaly, Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyñ energoulgamynyñ düýpli täzelenmegine hem – de onuñ ygtybarlylygynyñ ýokary derejelere galmagyna giñ ýol açdy. Ýagny, Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirildi. Bu Konsepsiýanyň çäklerinde elektroenergetika pudagy üçin ummasyz uly işler ýerine ýetirildi. Aýratyn bellemeli işleriň biri hem sebitde deňi taýy bolmadyk utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurulmagydyr. Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegi bilen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri we ätiýaçlyk kuwwatlyklary artdyryldy.
Hormatly Prezidentimiz ähli ugurlar bilen bir hatarda energetika pudagynyň köptaraplaýyn ösmegi üçin birnäçe derwaýys şertleri döredýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda birnäçe Döwlet Maksatnamalary we Konsepsiýalary kabul edildi. Häzirki wagtda “Energiýany tygşytlamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy”, “Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa”, “Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy” we “Türkmenistanyň Gurluşyk we energetika toplumyny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy” hereket edýär.
Energetika diplomatiýasyny ösdürmeklik halkara ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine, halklaryň arasyndaky agzybirligiň pugtalanmagyna getirer. Hormatly Prezidentimiziñ nygtaýşy ýaly, utgaşykly bug-gaz elektrik stansiýasynyñ gurulmagynyñ hem-de ulanmaga berilmeginiň milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak bilen birlikde, özara bähbitli sebit gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de sebitiñ halklarynyñ abadançylygyny üpjün etmäge oňyn täsir etjekdigi aýratyn bellärliklidir.
Begenç GURBANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň uly mugallymy.
Teswirler