Bagtyýarlyk baharynyň haly sungatyndaky waspy

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda uly ösüşler gazanylyp, bedew bady bilen öňe barýar. 2022-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda bahar paslynyň ilkinji gününde we Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalan “Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly halkara maslahatynyň we serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Sergide asuda Watanymyzyň gözellikleri şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň üsti bilen ýaýbaňlandyrylmagy örän täsirlidir. Şeýle eserleriň içinde amaly-haşam sungatyna degişli bolan türkmen halylarynyň we haly önümleriniň görkezilmegi bu sungatymyzyň dünýä meşhurlygyna eýe bolanlygyny tassyklaýar.     

Halyçylyk sungatynda gözelligi hem sazlaşygy ajaýyp keşpleriň üsti bilen beýan edýän Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewiň bedew şekilli, peýzaž we natýurmort žanrynda ýerine ýetirilen haly eserleri baýramçylyk sergisine milli öwüşgin çaýdy. Suratkeş “Berkarar we bagtyýar”, “Ezeli kämillik”, “Ýanardagyň ýedi arkasy”, “Rowaç”, “Ruhubelentlik” atly şekilli halylarynda türkmen bedewlerimiziň nesil daragtyny, owadanlygyny we ýyndamlygyny görmek bolýar. Bol hasylly eziz Watanymyzda ýetişýän miwelerimiz çarçuwa salnan “Türkmenistan – bolçulygyň mekany”, “Bolelinlik” atly halylarynda görkezilip, gözel ülkämiziň bol hasylynyň miwelerini, ir-iýmişlerini türkmen milli saçagynyň üsti bilen bereketli türkmen topragyny wasp edýär.      

Gadymdan gelýän inçe haly we palas dokmaçylygynyň däplerini dowam edýän Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, ussat halyçy zenan hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymy Annabibi Islamowanyň türkmen halylary, horjunlary, zenan ýan torbalary ýaly birnäçe kakma we çitme usulynda dokalan haly we palas önümleri sergide aýratyn orun tutdy. Türkmen halyçy gelin-gyzlarymyz topragymyzyň tebigatyny, onda ýaşaýan haýwanlary, guşlary we ösümlikleri hem-de deňiz-derýalary, kölleri we pasyllary ajaýyp haly nagyşlaryna geçiripdirler. Ussat halyçy A. Islamowa hem bu şekilleri türkmen halysynyň çeper däplerine esaslanyp, öz döredijiliginde wasp edýär we türkmen halyçylyk sungatynyň nepisligini dünýä ýaýmakda irginsiz zähmet çekýär. Nusgawy halylarymyzda çeperçilik çözgüdine aýratyn owadanlyk berýän “asyk”, “dogajyk”, “böwrek”, “kebelek”, “gapyrga”, “gülýaýdy”, “sagdak” ýaly nagyşlar Annabibi halypamyzyň zenan ýan torbalarynda ýerleşdirilip, bagtyýar döwrümiziň zenanlarynyň ünsüni özüne çekdi.

Türkmen amaly-haşam sungatynyň haly eserleriniň gymmaty olaryň gözelliginiň we görnüşiniň bütewiliginde jemlenýär. Haly suratkeşleriň döredýän her bir haly eserini synlanyňda, biziň milli haly göllerimiziň, nagyşlarymyzyň  türkmen sungatynyň kämil nusgalaryny görkezýär. Umuman, şeýle halkara sergisiniň geçirilmegi, dost-doganlyk, medeni gatnaşyklarymyzyň berkemegine hem-de  türkmen sungatymyzyň dünýä ýaýmagynda uly itergi berýär.

.

Aýjan Kadyrowa

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň müdiri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok