Muny bilmek gyzykly

SUWY SÜRTEÇLER ÖZÜNDE NÄDIP SAKLAÝAR?

Gap-gaçlary ýuwmak üçin ulanylýan sürteçler (Gubka) deňizdäki bir jandaryň göçürmesidiginden habaryňyz barmy? Bu jandarlaryň bedeninde kiçijik deşikler bardyr. Bu sebäpli olar suwy özüne çekip bilýär we suw bu jandaryň süýümlerine baranda olary çişirip saklaýar. Netijede, süýümler ulalyp deşikleri ýapýar we suwy içinde saklaýar. Gap-gaç ýuwujy sürteçler sellýulozadan we sorujy süýümlerden ýasalýar. Şonuň üçin hem olar suwy özünde saklap bilýär. Sürteç gysylanda deşikler açylýar we suw dökülýär.

SES TOLKUNLARY SUNAMILERI SAKLAP BILÝÄR

Sunamileri kenara urulmazdan öň güýçli ses tolkunlary bilen dargadyp (yzyna serpikdirip) bolýar. Akustiki dartyş tolkunlary (ADT) ýer titremesi ýaly geologik hadysalaryň bolýan wagtynda tebigy usulda ýüze çykýar. Teoretiki taýdan seredenimizde sunami tolkunlaryň boýuny, tizligini we güýjüni azaltmak üçin ADT-a ugradyp bolýar. ADT ýaýradyjy enjamy diňe bir ýasamak kyn bolman, bu gorag enjam ulanylanda töwerege zeper ýetirip biler.

DRONLAR GÜLLERI TOZANLANDYRYP BILER

Arylaryň gün-günden azalýandygy sebäpli alymlar gülleri emeli usulda tozanlandyrmak üçin kiçi dronlary ulanmagy göz öňünde tutýarlar. GPS we “Emeli aň” tehnologiýalary oturdylan özbaşdak işleýän dronlaryň daşy atyň saçy we gel bilen örtülen. Ol bir gülden başgasyna uçup gül tozgasyny ýaýradýar. Emele usulda geçirilen tozanlandyrma usuly oňyn netijeler berdi.

MAGNITLER ÖZ GÜÝJÜNI ÝITIRÝÄRMI?

Magnitiň içindäki atomlaryň ýerleşişi oňa “Özüne çekiji” häsiýetleri berýär. Bu sebäpden magnitiň atomlary dargap ýa-da ýerini üýtgedip başlasa, onuň güýji gaçyp başlaýar. Ony barlamak üçin magniti gyzdyrmak gerek. Gyzgynlygyň netijesinde atomlar giňeýär we bir-birini gysyp, ýerini üýtgedýärler. Şeýlelikde, magnit öz häsiýetini ýitirýär. Magniti güýçli garşylykly magnit meýdanyna salyp hem onuň häsiýetlerini üýtgedip bolýar.

Yhlas MERGENBAÝEW,

Türkmen oba hojalyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok