Söýmek ukybyňyzy kämilleşdiriň

Durmuşa bolan garaýşy kemala getirmek üçin iň zerur ädim, töweregiňizdäki ynsanlary söýmek bilen başlar. Söýgi – bu başga adamlaryň ýagdaýyna düşünmegi talap edýän duýgudyr. Söýmek, söýýän adamyň durmuşy bilen ýaşamakdyr. Söýmek ýüregiň bilen ýaşamakdyr. Özüňizi başga adamyň ýerine goýup, ol adamyň kynçylygyny duýan halatyňyzda, onda şol adama bolan garaýşyňyz düýpgöter özgerer. Netijede eliňizden gelse ol adama kömek edersiňiz, iň bolmanda şükür etmegi öwredersiňiz.

Söýgi wakalar netijesinde hakykata geçýän zatlaryň biridir. Onuň iki bölegi bardyr: niýet we hereket. Niýet – bu diňe ýüregiňizi başgalara açmagy ýatladar. Hereket bolsa, bu ugurda ýerine ýetiren işleriňiziň toplumydyr. Söýgüde ýeňiji, söýginiň ýeňen adamydyr.

Göwnüňize görä pul ýa-da haýsyda bolsa bir maddy gymmatlyk bagyşlap bilersiňiz. Ýolda gören adamlaryňyza ýürekden bir ýylgyryş bilen, salam bermek hem bagyş etmegiň bir görnüşidir. Ýerine ýetirilen ýönekeýje iş, ýerine ýetirilmedik uly işlerden gymmatlydyr.

Bu dünýäde has uly işleri ýerine ýetirip bilmeris. Işiň syry kiçi iş hem bolsa ony uly söýgi bilen ýerine ýetirmekdedir.

Şöhrat BEGLIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok