Paýtagtymyzyň we Daşoguz welaýatynyň teklipçi toparlary dalaşgärleri hödürlediler

Häzirki wagtda 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary üçin mynasyp dalaşgärleri hödürlemek üçin maslahatlaryň birnäçesi geçirilýär. Şu gün Aşgabat şäheriniň raýatlaryň teklipçi toparynyň geçiren maslahatynyň netijesinde Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýew Türkmenistanyň Prezident wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlendi.

Aşgabat şäheriniň Indira Gandi adyndaky lukmançylyk mekdebini tamamlan Hydyr Nunnaýew, harby gullukdan soňra 1997-nji ýylda zähmet ýoluna başlady. Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutyna girmezden öň ol saglygy goraýyş ulgamynyň dürli edaralarynda işledi. 2003-nji ýylda ýokary okuw mekdebi tamamlap, Ahal welaýatynyň Tejen etrap hassahanasynda lukman hünäri boýunça işledi. 2005-2014-nji ýyllarda Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynda mugallym boldy. 2001-nji ýylda bu kafedranyň müdiri boldy. 2014-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellenildi.

Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary bolsa Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň S.Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşowy iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlediler.

Maksat Ödeşow 2000-nji ýylda Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlap, öz zähmet ýoluna Daşoguz welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Elektrik-aragatnaşyk kärhanasynda operator wezipesinde başlady. 2002-2008-nji ýyllar aralygynda Ödeşow bu etrabyň häkimliginde dürli wezipelerde işledi.

2008-nji ýylyň dekabr aýyndan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň sekretaryna saýlandy. 2013-nji ýylyň sentýabr aýyndan häzirki wagta çenli bu komitetiň başlygy we dalaşgär Türkmenistanyň Mejlisiniň 5-nji çagyryşynyň deputaty boldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok