Müsürliler 150 ýylldan gowrak piramidalary gurupdyrlar bu gurluşlar jemgyýetiň möhüm ähmiýete eýe bolan işleri ýerine ýetirmek üçin jemlenmeginiň aýdyň mysalydyr diýip, Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Müsür gözleg merkeziniň esasy gözlegçisi Roman Orehow Lenta.ru- habar berdi. Şeýle hem, şu güne çenli piramidalary nädip gurandyklary baradaky soraga jogap tapdy. Alymyň pikiriçe, müsürliler gurluşyk tehnologiýasynda raf we rampalary ulandylar.
Piramidalaryň köp asyrlap durmagy
Ilki bilen piramidalaryň bakylyk ideýasyny janlandyranlygy sebäpli häzirki güne çenli saklanyp galypdyr, müsürliler “djed” düşünjesi bilen piramidalar dik durmaly diýen pikire gelipdirler .Alymyň pikiriçe, Osiris taňrysynyň nyşany, durnuklylygy, eldegrilmesizligi aňladýardy.
Orehowyň pikiriçe, müsürliler üçin berk we durnukly gurluş gurmak möhümdi, sebäbi dünýäniň durmagy ýadygärligiň nähili durjakdygyna baglydy.
Piramidanyň materialy
Müsürliler üçin gurluş döretmek üçin material saýlamak kyn däldi, gözlegçi: “Müsüriň aňy daş asyrynda ýaşaýardy,daş asyry bir çözgüt teklip edýär – daşdan gurmak”. Onuň pikiriçe, bu daş diňe bir durnuklylyk ideýasyny öz içine alman, eýsem iň elýeterli hem bolupdyr sebäbi müsürliler demirden zat ýasap bilmeýärdi we palçykdanam ýasap bilýänler azdy.
“Näme üçin agaçdan ýüz öwürdiler? Bu näzik material bolansoň, wagt geçer – çüýrär, ýöne daş çüýremez, şonuň üçin piramidalaryň hemmesi daşdan gurlupdyr, hatda soňraky ýaly toýun kerpiçden gurlan bolsa-da, olar hatara düzülipdir”, – diýip Orehow paýlaşdy.
Bejergi
Alymyň pikiriçe, kem-kemden müsürliler bu materialy gowy gaýtadan işlemegi öwrendiler. Piramidalardan öňem daş waza we küýzeler ýasap, sütünleri monolide öwrüpdirler.
Ulag bilen daşlary süýremek
Gurluşyk nukdaýnazaryndan müsürliler örän zehinlidi, ýerli daşdan piramidanyň esasy özenini emele getirmäne başardylar.
Müsürli alym hiç kimiň eli bilen daş süýrändigini, müsürlileriň daşlaryny gämilere we gaýalara daşaýandyklaryny we munuň üçin derýanyň suw möwsümlerini ulanandygyny aýtdy. “Snefru piramidalarynyň durýan ýerinde hek daşy gaýalaryň arasynda gaty uly boşluklar bar, bu ýerleri suw bilen doldurmak üçin derýa kenaryny üýtgedip bilerler we emele gelen arteriýa boýunça bu uly daşlary kem-kemden çykarmana çalyşdyrlar”, – diýp Orehow gürrüň berýär.
Mundan başga-da, işlerini aňsatlaşdyrmak üçin müsürliler piramidanyň düýbüne iň uly we iň agyr daş böleklerini ýerleşdiripdirler. Ýokarlarynda hem in ýeňil daşlary goýmana çalyşypdyrlar.
Piramida şeýle görnüşde gurlupdyr welin, iň agyr, iň uly bloklar onuň düýbünde ýerleşýär, ýagny hiç kim ony aslynda götermändir, şeýlelikde piramidanyň ýokarsyna kiçi daşlary goýulypdyr diýp Lenta habarlary habar berýär.
.
Merdan BATYROW,
Türkmen Döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň talyby.
Teswirler