Soňky ýyllarda ýaşlarymyzyň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesi diýseň artdy. Şol daşary ýurt dilleriniň biri-de nemes dili bolup durýar.
Nemes dili Germaniýanyň döwlet dilidir. Mälim bolşy ýaly Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen döwletimiziň arasynda ylym-bilim, oba hojalyk, söwda-senagat, ykdysadyýet, saglygy goraýyş we başga-da birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlyklar amala aşyrylýar.
Doganlyk halkyň ady belli Siemens, Daimler, Class, Rodhe Schwarz, Dresser-Rand, RWE, “ILF Consulting Engineers GmbH” ýaly kompaniýalary döwletimizde iri taslamalary amala aşyrýar.
Nemes dili barada aýdanymyzda bolsa, ýurdumyzda hereket edýän “Dalçyn”, “Dana”, “Daýan”, “Gujurly Nesil”, “Hukuk, Biznes we Tehnologiýalar”, “Päk Nesil”, “Dil merkezi”, “Diller dünýäsi”, “Telekeçiler mekdebi” merkezlerinde nemes dilini gysga wagtda aňsatlyk bilen öwrenmek üçin tölegli okuwlar hödürlenýär. Bu okuw merkezleri arkaly islendik ýaşdaky raýatlar nemes dilini aňsatlyk bilen öwrenmegi üçin iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilendir.
Şeýle-de ähli welaýatlarda hereket edýän möhletli okuw merkezlerinde-de nemes dilini öwrenmäge mümkinçilik bar.
“Dil merkezinde” bolsa Goethe institutynyň nemes dili barlag halkara derejeli synaglary ýylyň dowamynda birnäçe gezek geçirilýär.
Mundan başga-da, Halkara Gatnaşyklar Institutynyň nemes dili kitaphanasy bardyr. Bu ýerde talyplara dürli dillerdäki kitaplary okap bilimlerini artdyrmaga ähli mümkinçilikler döredilendir.
Aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy her çarşenbe günleri sagat 14:00-dan 16:00 çenli DAAD programmasy boýunça konsultasiýa berýär. Isleg bildirilýän watandaşlarymyz bu kansultasiýa gatnaşyp Germaniýanyň okuw meýilnamasy bilen tanşyp bilerler.
Halkara gatnaşyklar institutynyň mugallymy we DAAD programmasynyň Türkmenistandaky wekili jenap Perwin Maag gysgaça gürrüň berdi. Şeýle-de Germaniýada ýokary bilim almak mümkinçilikleri barada nygtap geçdi.
Türkmenistanda “Daşary ýurt dillerini okatmagyň milli konsepsiýasynyň” çäklerinde, ýaşlaryň we isleg bildirýän raýatlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin gerekli işler yzgiderli alnyp barylýar.
Atajan Eýýupow,
D.Azady adyndaky TMDDI-niň talyby.
Teswirler