“SpaceX” -iň 40 emeli hemrasy heläkçilige uçurady

Amerikaly telekeçi Elon Musk-yň eýeçiligindäki kosmos gämisi we raketa öndürijisi “SpaceX” kompaniýasy tarapyndan giňeldilýän “Starlink” internet taslmasynyň çäklerinde asman giňişligine çykarylan 40 emeli hemrasy, Gün bilen baglanyşykly geomagnit tupany sebäpli orbitadan çykdy.

“SpaceX” öz gezeginde bu meseläni “üýtgeşik ýagdaý” hökmünde häsiýetlendirdi we hersiniň agramy 260 kilograma barabar emeli hemralaryň orbitadaky beýleki hemralara ýa-da ýerýüzüne howp salmaýandygyny aýtdy.

“SpaceX” häzirki wagtda dünýä ýüzüniň internet ulgamyny kämilleşdirmegi maksat edinýän taslamasynyň çäklerinde 2000-e golaý “Starlink” hemrasyny orbita üstünlikli ugratdy.

Didar MÄMMETALYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok