Gyzykly sudoku oýny barada

Sudoku – bu ýaponlaryň meşhur tapmaça oýny bolup, häzirki wagta çenli öz meşhurlygyny saklap gelýän oýunlaryň biridir. Sudoku hiç hili hasaplamalary ýa-da aýratyn matematiki zehini talap etmeýär. Bu oýnuň maksady dogry pikirleniş ukybyňy ulanyp, boş öýjükleri doldurmakdan ybaratdyr. Ýagny, oýunyň maksady 9×9 gözenekdäki her sütüni, her setiri we 3×3 gözenegi 1-9 aralykdaky sanlar bilen doldurmakdan ybaratdyr. Şeýle hem, oýunyň başynda 9×9 gözenekdäki käbir öýjükler doldurylan şekilde bolýar.

Oýunda, eger-de:

  • Eger-de, 1-9 aralykdaky sanlar islendik setirde ikinji gezek gaýtalanan bolsa;
  • Islendik 1-9 aralykdaky sanlar sütünde ikinji gezek gaýtalanan bolsa;
  • Islendik 1-9 aralykdaky sanlar 3×3 gözenekde ikinji gezek gaýtalanan bolsa, onda göçümiňiz ýalňyşdyr.

Sudoku oýnunda üstünlik getirip biljek käbir maslahatlar:

Şeýlelikde, ilki bilen 5 ýa-da ondan köp sandan ybarat bolan 3×3 gözenegiň setirlerine we sütünlerine seredip geçeliň. Galan boş öýjükleri bolsa doldurmak üçin, öň ulanylmadyk sanlary ulanyň. Käbir ýagdaýlarda bolsa, bu sanlaryň setirinde, sütüninde we 3×3 gözeneginde öňden bar bolan beýleki sanlary göz öňе tutanyňyzda, diňe bir ýerde ýerleşdirip bolýan sanlaryň bardygyna göz ýetirersiňiz.

Gözenegi 3 sütüne we setire böleniňizde, sütünde we setirde 3 sany 3×3 gözenegi emele geler. Indi bolsa, 2 sany meňzeş sanlaryň bar bolan sütünlerine we gözeneklerine seredeliň. Logiki taýdan, bu sanyň 3-nji nusgasynyň ýeke täk galan 9 öýjükli bölümde bolmalydyr. Galdyrylan sanyň galan her bir 9 sany bolup biljek ýerini gözläň we bu sany haýsy öýjüge goýmalydygyny tapyň.

Ogulgerek GARÝAGDYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok