“Iki köpek” / daşary ýurt edebiýatyndan

Goja külbäniň öňünde agtygy bilen oturyp, bir-birleri bilen bogalaşyp ýören iki köpegi synlaýardy. Olardan biri ak, beýlekisi garady we on iki ýaşyndaky oglanjyk özüni bildi-bileli bäri bu itler hem bardy.

Bular, atasynyň ýörite saklaýan iki itidi. Oglanjyk, köpden bäri, külbäni goramak üçin biriniň ýeterlikdigine garamazdan, näme üçin ikinjisini hem saklaýandyklaryny, näme üçin biriniň reňkiniň ak, beýlekiniň reňkiniň garadygyny bilmek isleýärdi. Atasyndan bilesigelijilik bilen sorady:

– Ata jan, bu iki köpegi näme üçin hemişe külbäniň öňünde saklaýarsyň? Onsoň hem, näme üçin biri gara, beýlekisi ak?

Goja manyly ýylgyryp, şeýle diýdi:
– Olar, meniň üçin iki nyşandyr, oglum.
– Nämäniň nyşany ata?

– Oňatlyk bilen erbetligiň, wyždan bilen nebsiň nyşany. Şu görýän iki itiň ýaly, oňatlyk we erbetlik içimizde hemişe göreşer durar. Her gezek olary synlanymda, bular barada oýlanýaryn. Şonuň üçin hem bu itleri hiç wagt öz ýanymdan aýyrmaýaryn.

Çaga, atasynyň bu sözünden soňra, “Eger göreş bar bolsa, ýeňiji hem bolaýmaly” diýip, pikir etdi we her çaga mahsus bolan soranjaňlyk bilen, öňki soraglarynyň üstüne ýene birini goşdy:

– Ýeri, onda haýsy üstün çykar bu göreşde?
Goja, nazaryny alyslara dikip, şeýle diýdi:
– Haýsy diýýäňmi ogul? Men haýsyny has oňat naharlasam, şol üstün çykar!

Terjime eden: Selim ÖWEZGYLYJOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok