- Adatça atlar arylardan gorkýarlar. Sebäbi arylaryň onlarçasynyň çakmagy uly aty öldürip biler.
- Iň uly atlar tohumyna degişli bolan, Belgiýanyň Bruklin Suprim lakamly atynyň nalynyň agramy 3,4 kg, diametri 35,5 sm bolup, ony öndürmek üçin uzynlygy 76,2 sm bolan polat list gerek bolupdyr.
- Budenowskiý tohum atlary – ,,Altyn’’ reňkiň eýeleri hasaplanýar. Sebäbi, bu atlar güneşli gün ýaldyraýan ýaly bolup görünýärler.
- Atlar reňkli düýşleri görýärler.
- Mongoliýanyň kiçi Arwaýher şäherinde ýerleşýän Arwaýher atly atyň ýadygärligi ýaşaýjylarynyň esasy buýsanjy hasaplanypdyr. Şäheriň adyna atyň adynyň dakylmagy, Arwaýher bedewiniň 20 ýyllap ähli ýaryşlarda garşydaşlaryndan üstün çykmagy sebäpli meşhurlyga eýe bolanlygy bilen baglydyr.
- Ýigrimi üç milletiň mukaddes haýwany atlardyr.
- Beýleki tohum atlaryň süňküne garanyňda arap atlarynyň süňkleri tapawutlydyr. Ýagny, bu atlarda 17 gapyrga (beýleki atlar üçin 6), 5 sany bil gapyrga (beýleki atlar üçin 6) we 16 sany guýruk oňurga (beýleki atlar üçin 18) bolýar.
- Täze Zelandiýa ýaşaýan atlaryň suwdan goraýan ýüňi bardyr.
- Amerikan krem atlarynyň krem reňkli derisi we ýantar gözleri bolup, bu tohum atlarynyň gözleri gyzyl reňkde diýen ýaly. Emma, bu tohum atlaryň taýlary ak reňkli gözler bilen dogulýarlar.
Daýanç MAHMUDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler