Entek awtomobil, uçar ýaly tehnikalar oýlap tapylmazdan ozal, gadym zamanlarda adamlar Aziýanyň we Afrikanyň çöllerini düýeler arkaly kesip geçipdirler. Şol sebäpli hem düýeler “Çöl gämisi” diýip atlandyrylypdyr. Düýäniň örküji uzak wagtlap iýmitlenmezden we dynç almazdan ýöremäge mümkinçilik berýär. Eger-de örküjinde hiç zat ýok bolsa, içi boş gap ýaly, sallanyp galýar. Örküji süňksüz, diňe ýag we muskul dokumalaryndan ybarat. Ony azyk maddalaryň ammary diýip atlandyrmak bolar. Uly saparlara çykmazdan öňürti düýäni bakypdyrlar. Düýe ýag gatlagy sebäpli birnäçe günläp iýmitlenmän ýaşamagy mümkin. Düýeler suwy hem ätiýaç edip alýarlar. Ýola çykmazdan öňinçä 57 litre çenli suw içipdirler. Birbada şonça suwuklygy nähili içip bilýär diýip haýran galmagyňyz mümkin. Munuň syry suwdan öňinçä düýä birazrak duz beripdirler. Şondan soňra ol güýçli suwsuzlygy duýupdyr we 60 litre golaý suwy gördüm hem etmändir. Düýede üç sany aşgazan bar. Birinjisinde çalak-çulak çeýnelen ösümlikler, ikinjisinde suwuklyk bolýar, üçünjisinde bolsa iýlen iýmitler özleşdirilýär. Birinji we ikinji aşgazanda suw saklanýan haltalar bar. Janawer suwsan wagtynda bu haltalar açylýar we zerurlyga görä ulanylýar.
Düýe suwsuzlyga nähili çydaýar? Ýokarda düşündirilişi ýaly aslynda ol hiç wagt suwsuz galmaýar. Jahyl göçegçi taýpalaryň adamlary hem düýeleri ýöne ýerden öldürmändirler. Çünki olar suwy düýäniň aşgazanynda saklapdyrlar. Şu sebäpli iň kyn ýagdaýlardan gutulypdyrlar.
Aýlar TAGANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler