2022-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan guralýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 3-nji oýny geçirildi. Bäsleşigiň nobatdaky oýny «Garahanly we Gaznaly türkmen döwletleriniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly mowzuga bagyşlandy. Bäsleşigiň başynda oňa gatnaşyjy okuwçylar üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna ýörite gezelenç guraldy.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 3-nji oýnunyň netijeleri boýunça jemi sekiz sany gatnaşyjydan iki gatnaşyjy ýeňiji boldular. Olar: Aşgabat şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Diana Bespalowa hem-de Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Hojamyrat Baýlyýew ýeňijiler diýip yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de bäsleşige gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, beýleki hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanan gymmatbahaly sowgatlar, institutymyzyň degişli şahadatnamalary we Hormat hatlary gowşuryldy. Bu barada iirmfa.edu.tm saýtynda doly maglumat berilýär.
Gülnar AKYLLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.
Teswirler