“B-Shoe” atly kärhananyň adatdan daşary aýakgaplary

Dünýäniň öňdebaryjy aýakgap öndüriji kärhanalarynyň biri bolan “B-Shoe” adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirjek täze bir taslamany öz öndürýän aýakgaplary arkaly durmuşa geçirdiler. Bu aýakgaby beýlekilerden tapawutlandyrýan zat onuň aşagynda deňagramlylygy sazlaýjy enjamyň ýerleşdirilmegidir. Tehnologiýanyň ösýän hazirki döwründe bu aýakgaplar esasan hem göni durup bilmeýän ýarawsyz adamlar hem-de uly ýaşly adamlar üçin niýetlenendir. 

Bu aýakgaplaryň aşagynda ýerleşdirilen deňagramlylygy sazlaýjy enjamlar inni uly ýaşlylara goşmaça kömekçi diregleri ulanmak zerurlygyny aýyrar. Bu täze taslamany durmuşa geçiren doktor Ýonatan Manoryň aýtmagyna göra bu aýakgaplary geýen adam deňagramlylygyny saklap bilmedik ýagdaýynda aýakgaplar awtomatik usulda merkezi deňagramlylygy sazlaýar.

Mundan başga-da, hünärmenler häzirki wagtda elektrik kuwwatlandyryjyly batareýler arkaly işleýän bu aýakgaplaryň has hem täze we berk modellerini işläp düzmek ugrunda zähmet çekýärler.

Taňňyýew Allanur

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok