Dubaý dünýäde ilkinji kagyzlardan ýüz öwrüren hökümet bolup, 336 milliondan gowrak kagyzy tygşytlaýar

Dubaýda kagyzdan ýüz öwürmek strategiýasy başlaly bäri, Dubaýdaky 45 döwlet guramasy kagyz sarp edilişini azaltdy, şeýlelik bilen 336 milliondan gowrak kagyzy tygşytlaýar. Bu baradaky habary gulfnews.com saýdy habar berýär.

Dubaýyň ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygy Şeýh Hamdan ben Muhammet ben Raşid Al Maktum hökümetdäki ähli amallaryň, şeýle hem ilata hyzmatlaryň edilmeginiň elektron tehnologiýalary arkaly amala aşyryljakdygyny aýtdy. Resminamalaryň akymlary, ýörüte sanly platformalar arkaly kanagatlandyrylýar.

Kagyz resminamalaryny aradan aýyrmak strategiýasy 2018-nji ýylda kem-kemden durmuşa geçirilip başlandy. Şondan bäri Dubaýyň häkimiýetleriniň habar bermegine görä, emirlik 336 million kagyz ýa-da takmynan 353,8 million dollar pul tygşytlamagy başardylar.

Baýramgulyýew Şatlyk

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok