Elon Musk özüniň soňky öýüni satdy

2020-nji ýylyň maý aýynyň başynda Elon Musk öz öýüniň ýokdugyny mälim edipdi. Indi bolsa ol özüniň soňky emlägni 30 million dollara satyldy. Elon Muskyň emläigini satyn alan kişiniň şahsyýeti aýan edilmedi. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Saýtda habar berilmegine görä, satylan 19 gektarlyk emläk 1912-nji ýylda fransuz begleriniň agzasy graf Kristian de Guignet tarapyndan gurduryldy. Elon Musk bu jaýy 2017-nji ýylda bary-ýogy 23 million dollardan satyn alypdy.

Jaýyň meýdany 1500 inedördül metre golaý, ýedi ýatylýan otag we on sany hammam, deri diwarly kitaphana, şahsy aşpez üçin enjamlaşdyrylan ullakan aşhana bar. Penjireler San-Fransisko aýlagyna we giň meýdançalara seredýär.

Musk häzirki wagtda “SpaceX” kompaniýasyndan kärendesine alýan kiçijik 50,000 dollarlyk prefab öýünde ýaşaýar.

Gülnabat SAPAROWA

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok